GARAŞSYZLYK BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN ÇÄRELER
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň kitaphanasy hem-de Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň “Ýeňiş” we “Büzmeýin” kitaphana şahamçalary bilen bilelikde guramagynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli “Garaşsyzlyk bilen galkynan Watan” hem-de “Garaşsyzlyk – buýsanjymyz, bagtymyz” atly wagyz-nesihat çäreleri geçirildi.
Bu baýramçylyk çärelerindäki çykyşlarda ata Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň agzybirligi hem-de bagtyýar durmuşymyz barada joşgunly ýürek buýsançlar beýan edildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý senesiniň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlyk baýramynyň uludan tutulmagynyň çuňňur many-mazmuna eýedigini hem aýratyn belläp geçdiler.
Watanymyz Garaşsyzlyga eýe bolandan soň sanlyja ýyllaryň dowamynda dünýäde iň abraýly döwletleriň birine öwrüldi. Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary esasynda hemişelik Bitaraplyk derejesine resmi taýdan üç gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň mertebesini, döwleti dolandyrmakdaky nusgalyk işlerini älem-jahana ýaýdy. Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitabynda “Diňe Garaşsyzlyk bilen biz geçmişlidiris, şu günlüdiris, geljeklidiris. Diňe Garaşsyzlyk bilen biz belent ruhludyrys, beýik medeniýetlidiris. Diňe Garaşsyzlyk bilen biz belent at-abraýlydyrys, şanly-şöhratlydyrys” diýip belleýşi ýaly, çykyş edenler çykyşlarynyň aýratyn täsir galdyrdylar.
Çärelere gatnaşanlar türkmen halkynyň şu güni we geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Çäreler Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi, “Habarlar” gepleşigi arkaly köpçülige ýetirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi