Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2025-09-17 | 1147
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň sentýabr  aýynyň 17-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň dabaralar zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşi we Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli  “Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty” atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi. Onda çykyş edenler mähriban Watanymyzyň 34 ýylynyň içinde gazanan üstünlikleri we ýeten belent sepgitleri  dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Dabaranyň dowamynda “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň taýýarlan çykyşlary maslahat duşuşygyna has-da öwüşgün çaýdy. Aýdym-sazly maslahatduşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilýän ähli mümkinçilikler üçin çäksiz alkyşlar aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty