UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ XI SYNPY ÜÇIN «GEOMETRIÝA» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

2025-09-17 | 1059
UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ XI SYNPY ÜÇIN «GEOMETRIÝA» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işi giň gerime eýe bolup, has-da ýaýbaňlanýar. Bu ugurda çekilýän asylly zähmetiň netijesinde işler yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Umumybilim berýän orta mekdeplerde öwrenilýän geometriýa dersi «Planimetriýa» we «Stereometriýa» diýen bölümlerden ybaratdyr. Planimetriýa bölümi geometrik figuralary, olaryň häsiýetlerini tekizlikde öwrenýär. Stereometriýa bölümi bolsa, geometrik figuralary we olaryň häsiýetlerini giňişlikde öwrenýär.

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň XI synpy üçin «Geometriýa» okuw kitaby (awtorlary: G.Şadurdyýew, H.Geldiýew, Ý.Abaýew, A.Öwezow, J.Töräýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi. Okuw kitabynyň mazmuny barada aýdylanda, ol jemi dört bapdan ybarat bolup, I baby stereometriýanyň aksiomalaryna we olardan gelip çykýan netijelere, II baby göni çyzyklaryň we tekizlikleriň parallelligine, III baby giňişlikde göni çyzyklaryň we tekizlikleriň perpendikulýarlygyna, IV bap bolsa giňişlikde dekart koordinatalara we wektorlara bagyşlanypdyr.

«Stereometriýanyň aksiomalary we olardan gelip çykýan netijeler» atly I bapda stereometriýanyň aksiomalary, aksiomalardan gelip çykýan netijeler, olara degişli gönükmeler we goşmaça gönükmeler ýerleşdirilipdir.

«Göni çyzyklaryň we tekizlikleriň parallelligi» atly II bap giňişlikde göni çyzyklaryň özara ýerleşişi, giňişlikde göni çyzyklaryň we tekizlikleriň özara ýerleşişleri, iki tekizligiň özara ýerleşişi, iki tekizligiň parallellik nyşany, parallel tekizlikleriň häsiýetleri, parallel proýektirleme we onuň häsiýetleri, giňişlik figuralaryny tejizlikde şekillendirmek boýunça temalary, temalara degişli gönükmeleri we goşmaça gönükmeleri öz içine alýar.

«Giňişlikde göni çyzyklaryň we tekizlikleriň perpendikulýarlygy» atly III bap giňişlikde göni çyzyklaryň we tekizlikleriň perpendikulýarlygy, tekizlige perpendikulýar we ýapgyt çyzyk, göni çyzyk bilen tekizligiň arasyndaky burç, ikigranly burç, tekizlikleriň perpendikulýarlygy, tekizlikleriň perpendikulýarlyk nyşany, köpburçlugyň ortogonal proýeksiýasynyň meýdany ýaly temalar boýunça giňişleýin düşünjeler berilýär, gönükmeler we goşmaça gönükmeler ýerleşdirilipdir.

«Giňişlikde dekart koordinatalar we wektorlar» atly soňky IV bapda bolsa giňişlikde wektor düşünjesi, wektorlary goşmak we aýyrmak, wektory sana köpeltmek, komplanar wektorlar, nokadyň koordinatasy we wektoryň koordinatalary, wektorlaryň skalýar köpeltmek hasyly, sferanyň we tekizligiň deňlemesi, nokatdan tekizlige çenli uzaklygyň formulasy ýaly temalar, temalarda berilýän maglumatlar boýunça alnan bilimleri berkitmek üçin gönükmeler we goşmaça gönükmeler bar.

Gönükmelerde berilýän ýumuşlar sadadan çylşyrymla tarap gönükdirilendir. Olardaky mysallar, meseleler özbaşdak işlemek üçin güýçýeterliligi bilen tapawutlanýarlar. Okuw kitabynyň ahyrynda özüňi barlamak üçin gönükmelerde berlen mysallardyr meseleleriň dogry jogaplary ýerleşdirilipdir.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi