Türkmenistan we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň duşuşygy: bilim hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi
2024-nji ýylyň 12-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary we wekilleriniň gatnaşmagynda Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş ministrliginiň Sebitleýin ösüş müdirliginiň ýolbaşçysy hanym Sara Kuperiň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş ministrliginiň Sebitleýin ösüş müdirliginiň wekilýetine milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ýetilen sepgitleri we ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilip, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar yzygiderli gi¬ňeldilýändigi babatda beýan edildi.
Söhbetdeşler ýurdumyzyň bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýagny iňlis dili mugallymlara ýörite hünär dersleri iňlis dilinde okatmak boýunça hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň, şeýle-de IELTS synaglaryň Türkmenistanda ornaşdyrylmagynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň dowamynda bilim gurşawynda türkmen-britan hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Şeýle hem okaň: