UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ XII SYNPY ÜÇIN «UMUMY BIOLOGIÝA» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça il-ýurt bähbitli uly işler amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda okuw maksatnamalary kämilleşdirilýär, okuw kitaplary we okuw gollanmalary taýýarlanylýar hem-de neşir edilýär.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XII synpy üçin «Umumy biologiýa» okuw kitaby (awtorlary: S.Durdyýew, B.Ymamgulyýew, A.Akmyradow – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi. Okuw kitabynyň çäginde nazary bilimleri özleşdirmek üçin degişli ýumuşlar berlipdir. Bu ýumuşlar okuwçylara öwrenen bilimlerini pikir eleginden geçirmäge, seljermäge, ozalky öwrenenlerini gaýtalamaga mümkinçilik berýär.
Okuw kitaby iki bölümden we bäş bapdan ybarat bolup, ol biologiýa boýunça jemleýji maglumatlary özünde jemleýär. «Organiki dünýäniň ösüşi. Adamyň gelip çykyşy» atly birinji bölümde «Ýer ýüzünde ýaşaýşyň döreýşi», «Ýer ýüzünde ýaşaýşyň ösüşi», «Adamyň gelip çykyşy» diýen baplar, «Ekologiýanyň esaslary» atly ikinji bölümde bolsa, «Ekologik ulgamlar (ekosistemalar)», «Biosfera we adam» diýen baplar hem-de şolara laýyklykda adalgalaryň sözlügi, biologiýanyň iň esasy teoriýalary, kanunlary we kanunalaýyklyklary baradaky gymmatly iň zerur maglumatlar ýerleşdirilipdir.
Okuw kitabyny taýýarlamakda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde biologiýa ylmynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikler baradaky ylmy maglumatlar hem ýerlikli ulanylypdyr.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi