UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ IX SYNP ÜÇIN «ÝAPON DILI (I DAŞARY ÝURT DILI)» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

2025-09-13 | 1108
UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ IX SYNP ÜÇIN «ÝAPON DILI (I DAŞARY ÝURT DILI)» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ýurtlar bilen ykdysady, syýasy we medeni hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegi, ylym-bilim ulgamlarynda alyş-çalyş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, halkara gatnaşyklarynyň çuňlaşmagy ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy döwrebaplaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek üçin zerur şertler döredildi we bu ugra aýratyn üns berilýär. Umumybilim berýän mekdepler üçin daşary ýurt dilleri boýunça innowasion okuw maksatnamalary taýýarlanyldy hem-de okuw işine ornaşdyryldy. Dil öwrenmek hem-de öwretmek meselesi giň gerime eýe bolýar. Ylym-bilimi ösdürmek ýurduň, jemgyýetiň ýokary derejeli geljeginiň binýatlaýyn esasy hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli» Konsepsiýalarynda bellenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek we netijelerini bilim ulgamyna ornaşdyrmak üçin ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebäp usullaryny peýdalanmak bilen, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň IX synpy üçin «Ýapon dili» okuw kitaby (awtorlary: H.Ito, N.Katsu, A.Taganowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi. Bu okuw kitaby okuw dersiniň tassyklanylan okuw maksatnamasyna doly laýyk gelýär. Ol sekiz bölümden ybaratdyr: “Maşgalam we men”, “Gündelik durmuşymyz”, “Türkmenistan we Ýaponiýa”, “Jemgyýet we men”, “Tebigat we men”, “Medeniýet we men”, “Syýahat we men”, “Meniň geljegim” atly bölümlerden we her bölümiň temasyna gabat gelýän tekstler, dialoglar, gönükmeler, grammatika boýunça maglumatlar berlipdir hem-de olara degişli suratlar arkaly bezelipdir.

Okuw kitabynda ýerleşdirilen sözlügiň we tekstleriň audioýazgy bilen üpjün edilmegi onuň ýene bir aýratynlygydyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň milli bilim pudagyny sanly tehnologiýalary bilim ulgamyna ornaşdyrmak arkaly täze sepgitlere ýetmek babatda öňde goýýan wezipeleriniň doly ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa okuwçylaryň gepleşik, ýazuw endiklerini ösdürýär. Sözleri berkitmek üçin dürli gönükmeler ulanylypdyr. Tekstlere degişli maglumatlaryň ýapon dilindäki düşündirişleri hem berilipdir. Kitapdaky tekstler, dialoglar, gönükmeler okuwçylaryň okaýyş endiklerini ösdürmäge güýçli itergi berer. Okuw kitabynyň soňunda iki dilde sözlük berlipdir. Okuw kitaby taýýarlananda daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usulyýetiniň häzirki zaman talaplaryndan ugur alnypdyr. Okuwçylara ýapon dilini öwretmekde bu kitabyň ähmiýeti örän uludyr. 

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi