UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERINIŇ IX SYNPY ÜÇIN «KOREÝ DILI» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

2025-09-12 | 1162
UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERINIŇ IX SYNPY ÜÇIN 
«KOREÝ DILI» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň ösmegini rowaçlandyrmakda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan işleriň netijesinde zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň we biliminiň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri gazanmaga uly itergi berýär.

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň IX synpy üçin «Koreý dili» okuw kitaby (awtorlary: D.Söýunnazarowa, M.Mämmedowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi. Bu okuw kitaby okuwçylaryň aňyny ösdürmäge, olaryň okuwa bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen gyzykly gönükmeleri, şol sanda jedweldir goşgulary, nakyllary, atalar sözüni, tapmaçalary öz içine alýar. Okuw kitabynda temalara degişli dürli owadan suratlaryň ýerleşdirilmegi oňa özboluşly bezeg berýär. Şeýle hem olar okuwçylaryň bilesigelijilik ukyplaryny ösdürmäge, sapakda öwrenilýän maglumatlary özleşdirmäge ýakyndan ýardam edýär.

Bu okuw kitabynyň ýene-de bir aýratynlygy bar, ol bolsa onda ýerleşdirilen sözlügiň we tekstleriniň audioýazgy bilen üpjün edilmegidir. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň milli bilim pudagyny sanly tehnologiýalary bilim ulgamyna ornaşdyrmak arkaly täze sepgitlere ýetmek babatda öňde goýýan wezipeleriniň doly ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bu okuw kitabynda her tema boýunça maglumatlar beýan edilende şeýle yzygiderlilikde ýerleşdirmekden ugur alnypdyr: sözlük we täze sözleri özleşdirmek boýunça gönükmeler; tekst we onuň ýumuşlary; grammatika we oňa degişli gönükmeler; öý işi. Okuw kitabynyň soňunda Koreýa döwletine degişli gyzykly maglumatlaryň, dostluga, kitaba, ylym-bilime degişli nakyllaryň ýerleşdirilmegi onuň gymmatyny has-da artdyrýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi