IX synp üçin «ITALÝAN DILI» (II daşary ýurt) okuw kitaby neşir edildi

2025-08-31 | 732
IX synp üçin «ITALÝAN DILI» (II daşary ýurt) okuw kitaby neşir edildi

Ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt dille­ri­ni okat­ma­gy kämilleşdirmek üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär we bu ugra aýratyn üns berilýär. Dil öw­ren­mek hem-de öw­ret­mek mesele­si giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Ylym-bi­li­mi ösdür­mek ýur­duň, jem­gy­ýe­tiň ýo­ka­ry de­re­je­li gel­je­gi­niň binýat­la­ýyn esa­sy hasaplanýar.  

Ýaňy-ýakynda umumy orta bilim berýän mekdepleriň IX synpy üçin «Italýan dili (II daşary ýurt dili)» okuw kitaby (awtorlary: Ş.Merdanowa, K.Myradowa, A.Babaýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi. Bu okuw kitaby okuw dersiniň tassyklanylan okuw maksatnamasyna doly laýyk gelýär. 

Okuw kitaby jemi alty bölümden ybarat bolup, her bir bölüm birnäçe sapaklary özünde jemleýär. Sapaklaryň mazmuny okuwçylara grammatikany öwretmek bilen birlikde türkmen jemgyýetini, tebigaty şeýle hem italýan halkynyň medeniýetini, gündelik ýaşaýyş durmuşyny açyp görkezmekden ybarat. Grammatik gönükmeler täze teksti berkitmäge gönükdirilendir. Tekstler okuwçylaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp taýýarlanylypdyr. Okuwçylaryň gürlemek endiklerini ösdürmek maksady bilen temalara degişli erkin soraglar hem ýerleşdirilipdir. Dürli dialoglar, role-play oýunlar okuwçylaryň italýan dilinde erkin gürlemekleri üçin niýetlenen gönükmeler bolup durýar. Ýazmak endigini ösdürmek üçin temalara degişli düzmeleri öý işi hökmünde teklip etmek bolar. Sözlük goruny artdyrmak maksady bilen her bir tema degişli täze sözler dürli oýunlaryň üsti arkaly berlipdir.

Okuw kitabynda temalara laýyklykda dürli ýumuşlaryň interaktiw usullarda berilmegi, okuwçylaryň italýan dilini höwes bilen özleşdirmeklerine, okuw işiniň bolsa netijeliligini artdyrmaga, okuwçylaryň geljekki durmuşynda italýan dilinde okamak, ýazmak, erkin gürlemek ýaly endiklerini has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi