Rus dilinde okadylýan XI synp üçin täze okuw kitaby neşir edildi
Türkmenistanda on iki ýyllyk bilim konsepsiýasynyň güýje girmegi bilen, şeýle hem ýurdumyzyň sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça Konsepsiýasynda kesgitlenen wezipeler durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk bilime geçmek täze döwrebap okuw dersleriniň girizilmegini göz öňünde tutdy. Şol dersleriň biri-de umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan «Modelirleme we grafika» dersidir.
Umumybilim berýän mekdepleriň XI–XII synplary üçin takyk ylymlar ugruna degişli bu dersiň okuw maksatnamasy täzeden işlenildi. Şunuň bilen baglylykda, «Modelirleme we grafika» dersiniň täze görnüşdäki okuw kitabyny taýýarlamak zerurlygy ýüze çykdy.
Ýaňy-ýakynda rus dilinde okaýan umumybilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin täze «Моделирование и графика» okuw kitaby (awtorlary: G.Madamanowa, O.Babakuliýewa – Aşgabat: Türkmenistanyň döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi.
XI synp üçin bu okuw kitaby «Modelirlemeler we olaryň klassifikasiýasy», «Modelirleme», «Grafiki gurşawda modelirleme» we «Konstruirleme» ýaly bölümlerden ybarat.
Okuw kitabynyň mazmuny: orta mekdep okuwçylarynda model we modelirleme düşünjelerini döretmek, modelleriň daşky gurşawyna düşünmekdäki mümkinçiliklerini görkezmek, tebigy we durmuş hadysalary bilen modelleriň arasyndaky baglanyşygy düşündirmek, alamatlaryň kömegi arkaly ýönekeý obýektleriň we prosesleriň modellerini gurmak boýunça bilimleri ele almak, modeller bilen işlemekde gözleg endiklerini ösdürmek hem-de alnan netijeleri düşündirmek ýaly kesgitli maksatlara gönükdirilýär.
Okuw kitabynda degişli wezipeler goýlup, modelirlemegiň esasy düşünjeleri we funksiýalary beýan edilýär. Geçilen materiallary berkitmek we amaly endikleri ösdürmek maksady bilen, okuw kitabynda bilimleri barlamak üçin soraglar we zerur özbaşdak işler ýerleşdirilipdir. Munuň özi bolsa okuwçylaryň nazaryýetde alan bilimlerini amalyýetde gönüden-göni ulanmaklaryna mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir etmek bölüm