ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «IÝMIT GIGIÝENASY» ATLY OKUW GOLLANMASY NEŞIR EDILDI
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ilatymyzyň saglygyny goramakda edilýän aladalaryň gaýragoýulmasyzdygyny ykrar etmek bilen, bu ugurdaky işleri ilkinji nobatdaky wajyp wezipä öwürdi. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy bölegini gigiýena meseleleriniň dogry çözülmegi düzýär. Onuň esasy bölegini bolsa dogry iýmitlenmek eýeleýär.
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin neşir edilen «Iýmit gigiýenasy» atly okuw gollanmasy (awtorlary: J.Annanurow, A.Myradowa, Ş.Garajaýew, S.Mämmetsähetowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) hut şol meselä bagyşlanan işleriň biridir.
Okuw gollanmasy iki bölümden, 21 sany bapdan ybarat. «Iýmitiň fiziologiýasynyň we biohimiýasynyň gigiýenik esaslary» atly birinji bölümde: sagdyn iýmitlenmegiň esasy düzgünleri, iýmitiň kuwwatlyk gymmaty we energiýa sarp edilmeleri, energiýa we madda çalşygy, beloklar, ýaglar, uglewodlar, olaryň iýmitlik we biologik gymmaty, witaminleriň adamyň iýmitlenmesindäki ähmiýeti, mineral maddalar, kadaly iýmitlenme barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär. «Iýmit önümleriniň iýmitlik we biologik gymmatlygy hem-de olaryň gigiýenik häsiýetnamasy» atly ikinji bölümde: galla we galla önümleri, süýt we süýt önümleri, et we et önümleri, balyk we balyk önümleri, iýmit ýaglary, ýumurtga we ýumurtga önümleri, gök-bakja önümleri we miweler, iýmit zäherlenmeleri, iýmit önümlerini konserwirleme usullarynyň gigiýenik häsiýetnamalary, pestisidler we olaryň iýmit gigiýenasynda tutýan orny, Döwlet sanitariýa gözegçiligi, iýmit önümleriniň sanitariýa ekspertizasy, görnüşleri we geçiriliş tertibi, çagalaryň we ýetginjekleriň iýmitlenmesine bildirilýän gegiýenik talaplar barada gyzykly maglumatlar ýerleşdirilipdir.
Bu okuw gollanmasyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, jemgyýetçilik iýmiti we ilatyň saglygyny goraýyş ulgamlarynyň hünärmenleri, şeýle hem giň okyjylar köpçüligi peýdalanyp bilerler.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi