“Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde “emeli aňyň” mümkinçilikleriniň ähmiýeti” atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

2025-08-29 | 572
“Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde “emeli aňyň” mümkinçilikleriniň ähmiýeti” atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

29-njy awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýilip yglan edilmegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna” hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli bilim ulgamy boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalar boýunça instituty bilen bilelikde “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde “emeli aňyň” mümkinçilikleriniň ähmiýeti” atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy maksady emeli aňy milli we halkara derejedäki bilim platformalaryna ornaşdyrmak, şeýle hem bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri alyşmakdan ybarat boldy. Halkara ylmy-amaly maslahatda ÝUNESKO-nyň wekilleri, halkara bilermenleri, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň alymlary we mugallymlary öz çykyşlary işjeň gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar bilimi sanlylaşdyrmak, bilim paýlaşmak we tehnologiýalary geçirmek çäreleri, milli gözleg-barlag laboratoriýalary we merkezleri üçin halkara hyzmatdaşlyk, merkezler üçin mümkinçilikleri artdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge höweslendirmek, hem-de innowasion bilim tehnologiýalary boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisiniň açylyş dabarasy we işi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirildi. Umumy mejlisiň işinden soňra maslahat öz işini bölümlerde dowam etdirdi. Maslahatyň “Emeli aňyň inklýuziw we ýokary hilli bilim bermekde tutýan ýeri” atly 1-nji bölümi Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we Informatika institutynda, “Bilimi we okuwy dolandyrmakda emeli aňyň getirýän üýtgetmeleri” atly 2-nji bölümi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, “Mugallymlaryň we talyplaryň emeli aň boýunça başarnyklaryny ösdürmek” atly 3-nji we “Emeli aňyň şahsylaşdyrylan okuwlarda we bilim gurşawynda mümkinçilikleri we kynçylyklary” atly 4-nji bölümleri bolsa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde üstünlikli geçirildi.

Utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy-amaly maslahat bilim ulgamyna Emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak, sanly özgertmeler şertlerinde bilimi ösdürmegiň bilelikdäki strategiýalaryny işläp taýýarlamak üçin meýdança bolup, şahsylaşdyrylan okatmaklyga, tankydy pikirlenmäni ösdürmeklige, bilim maksatnamalarynyň häzirki döwrüň talaplaryna uýgunlaşmagyna aýratyn üns berildi.

Halkara ylmy-amaly maslahaty Gahryman Alym Arkadagymyzyň hem-de ýaşlara ähli ugurlarda görelde bolýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, gadamlarynyň batly, işleriniň rowaçly ýollarda diňe üstünliklere beslenmegini arzuwlar etmek bilen tamamlandy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti