ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berýän tabşyryklary esasynda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň kitap üpjünçiligi hemişe gözegçilikde saklanylýar. Munuň özi ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklarynda, saýlap alan hünärleriniň ussady bolup ýetişmeklerinde binýadynyň has-da berk bolmagyna ýardam edýär.
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Materikleriň we okeanlaryň geografiýasy. I kitap. Ýewraziýa» okuw kitaby (awtorlary: A.Berdiýewa, Ý.Ilamanow – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi.
Okuw kitabynda Ýewraziýanyň tebigatynyň emele gelşiniň, şol sanda geologik taryhynyň möhüm döwürleri, gazma baýlyklarynyň esasy görnüşleriniň gory, olaryň ýerleşişi we tektonik gurluşa baglylygy, materigiň ýer üstüniň gurluşy: platforma sebitleriniň düzlükleri, belentlikleri, epiplatforma (gadymy platforma) we epigeosinklinal dag guşaklyklary, howasy (klimaty), içerki suwlary, toprak-ösümlik örtügi, materigiň haýwanat dünýäsi, geologik guşaklyklar, zolaklar, tebigy hem-de antropogen landşaftlaryň düzümi barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Şeýle-de bu kitapda Ýewraziýanyň tebigy sebitleri we olaryň tebigatynyň aýratynlyklary häsiýetlendirilýär.
Bu okuw kitaby ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň geografiýa, kartografiýa, ekologiýa we meteorologiýa hünärleriniň talyplaryna niýetlenilen. Muňa garamazdan, ondan umumybilim edaralarynyň geografiýa mugallymlary hem gollanma hökmünde peýdalanyp bilerler.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi