Umumy bilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin «IŇLIS DILI» okuw kitaby neşir edildi
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, amatly bilim gurşawyny döretmek, ösüp gelýän ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleri döwrümiziň ösen talaplaryna hem-de halkara ülňülerine laýyk derejede guramaga aýratyn uly ähmiýet berilýär.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň XI synpy üçin «Iňlis dili» okuw kitaby (awtorlary: R.Nazarow, A.Gurbanowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi. Okuw kitaby sekiz bölümden ybarat bolup, her bölüm birnäçe sapaklary öz içine alýar. Bu kitapda beýan edilýän maglumatlar okuwçylaryň sözleýşini, aňyny ösdürmäge, olaryň okuwa bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem olar okuwçylaryň bilesigelijilik ukyplaryny ösdürmäge, sapakda öwrenilýän maglumatlary ýeňil özleşdirmäge ýakyndan ýardam edýär. Bu okuw kitabynyň mazmunynda “Meniň maşgalam we men”, “Jemgyýet we men”, “Tebigat we men”, “Meniň Watanym we iňlis dilinde gepleýän ýurtlar” ýaly temalar we “Taslama işi” ýerleşdirilen. Bu bolsa okuwçylaryň döredijilik işinde maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň esaslary bilen tanyşmaklaryna, sözleýiş medeniýetiniň gepleşik we ýazuw görnüşlerininiň, başarnyklarynyň hem-de endikleriniň, hususan-da, köpçüligiň öňünde çykyş etmek endikleriniň kemala gelmegine, ylmy-döredijilik işlerini ýerine ýetirmegiň tapgyrlaryny talabalaýyk özleşdirmeklerine, hünärlere ugrukdyrmaga ýardam berer.
Bu okuw kitabynyň peýdaly taraplarynyň ýene biri hem onuň okuwçylar üçin möhüm salgy guraly bolup hyzmat edýän, üç dilli (iňlisçe–türkmençe–rusça) sözlügiň bolmagydyr. Sözlük täze sözleriň manysyna çalt düşünmäge we ýatda saklamaga ýardam berýär hem-de täze leksikany öwrenmek üçin möhüm gural bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi