Aşgabatda bilimde emeli aňyň ulanylyşy boýunça halkara maslahat geçiriler
29-njy awgust 2025-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary boýunça instituty (UNESCO IITE) bilen bilelikde guralýan «Bilimde Durnukly Ösüşiň 4-nji maksadyna (ÇÖM 4) ýetmekde emeli aňyň mümkinçilikleri» atly Halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Maslahat BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 2025-nji ýylyň 11-nji iýunynda kabul edilen A/79/L.94 belgili kararnamasynda görkezilip, onda Merkezi Aziýada emeli aň boýunça sebit we milli hyzmatdaşlyga bagyşlanyp, 2025-nji ýylyň awgust aýynyň ahyrlarynda UNESCO IITE bilen hyzmatdaşlykda Aşgabatda geçiriljek bu forumyň ähmiýeti aýratyn bellenilýär.
Çäre gibrid görnüşde bolup, 10:00-da (GMT+5) başlanar. Plenar mejlis Ýagşygeldi Kakayew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçiriler, parallel sessiýalar bolsa Aşgabadyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde guralar. Programmada ÝUNESKO-nyň wekilleriniň, halkara bilermenleriň, Bilim ministrliginiň işgärleriniň, türkmen alymlarynyň we mugallymlarynyň çykyşlary göz öňünde tutulýar.
Maslahatyň gün tertibi konseptual ýazga laýyklykda taýýarlanyldy we şu esasy ugurlary öz içine alýar: emeli aň arkaly bilimi dolandyrmagyň we EMIS (Education Management Information Systems) ulgamlarynyň transformasiýasy; mugallymlaryň we okuwçylaryň EA kompetensiýalaryny ösdürmek; şahsylaşdyrylan okatmak we tankydy pikirlenmäni ösdürmek; sanly we mediabiligi berkitmek; şeýle hem ÝUNESKO-nyň Emeli aňyň etikasy baradaky Maslahat beriş resminamasynyň ýörelgelerine laýyklykda bilime EA-nyň jogapkärli peýdalanylyşynyň etiki taraplary. Gepleşikleriň netijesinde, EA çözgütlerini okuw-terbiýe prosesine ornaşdyrmak boýunça ylalaşylyp taýýarlanan amaly teklipler we ädimler kabul ediler diýip garaşylýar.
Maslahatyň geçirilmegi, 2023-nji ýylda gol çekilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen UNESCO IITE-niň arasyndaky Hyzmatdaşlygyň Ýol kartasynyň durmuşa geçirilişiniň kanuny dowamy bolup çykyş edýär. Ýol kartasy bilimi dolandyrmagyň maglumat ulgamlaryny (EMIS) ösdürmegi, mugallymlaryň sanly başarnyklarynyň milli standartlaryny döretmegi, açyk bilim çeşmelerini (OER) ilerletmegi, akylly okatmak ulgamlaryny ornaşdyrmagy hem-de pedagog işgärleriň yzygiderli hünär taýdan kämilleşdirilmegini göz öňünde tutýar.
Türkmenistanyň UNESCO IITE bilen hyzmatdaşlygy netijeli we tapgyrlaýyn häsiýete eýedir:
2019-2020 ýyllardan bäri — EMIS we bilimde AKT boýunça ilkinji resmi saparlar we bäş günlük çäreler geçirilip, bilimde maglumat dolandyryşy boýunça tejribe we usulyýet alyş-çalşyklaryna badalga berildi.
2023 ýyl — Hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyna gol çekildi, ugurlar: EMIS, mugallymlaryň EA kompetensiýalary, OER, bilelikdäki neşirler we çäreler.
2024 ýyl — Merkezi Aziýanyň ýokary biliminde EA-nyň ulanylyşy boýunça sebit dialoglarynda UNESCO IITE gatnaşdy (etikanyň, kadrlaryň, infrastrukturaň ugrunda), bu sebitara utgaşyklylygy güýçlendirdi.
2024–2025 ýyllar — ugurlaýyn forumlaryň/maslahatlaryň geçirilmegi we Aşgabatdaky şu halkara maslahatyň taýýarlanylmagy Ýol kartasyny hem-de ÝUNESKO-nyň bilimde EA boýunça global gün tertibini durmuşa geçirmekde logiki ädim bolup çykyş edýär.
Hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikdäki forumlar we praktik okuwlar guralýar, bilimiň sanly özgertmesi boýunça taslamalar ilerledilýär, olara usuly goldaw, syýasat boýunça maslahatlar we öňdebaryjy halkara tejribeleri bilen alyş-çalşyklar ýoldaşlyk edýär. Aşgabatdaky maslahat bu hyzmatdaşlygyň indiki möhüm tapgyry bolup, utgaşykly tagallalary berkitmäge, hyzmatdaşlyk toruny giňeltmäge we emeli aň tehnologiýalarynyň jogapkärli hem-de inklýuziw ornaşdyrylmagy arkaly ÇÖM 4-e ýetmekde öňegidişligi çaltlandyrmaga gönükdirilendir.