UMUMY ORTA BILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ MUGALLYMLARY ÜÇIN TÄZE OKUW GOLLANMASY NEŞIR EDILDI

2025-08-26 | 942
UMUMY ORTA BILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ 
MUGALLYMLARY ÜÇIN TÄZE OKUW GOLLANMASY NEŞIR EDILDI

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň mugallymlary üçin «Fizikanyň esaslary. II. Elektrik we magnit hadysalary» atly okuw gollanmasy (awtorlary: A.Gurbanmuhammedow, J.Awliýakuliýew, A.Çaryýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi.

Bu okuw gollanmasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan orta mekdepleriň fizika dersi boýunça tassyklanan okuw maksatnamasyna laýyklykda «Fizikanyň esaslary I. Mehanika. Molekulýar fizika we termodinamika» ady bilen çap edilen birinji kitabyň dowamy bolup, ol fizikanyň «Elektrik we magnit hadysalary» bölümini özünde jemleýär.

Okuw gollanmasyndaky seredilýän soraglar umumy orta bilim berýän mekdepleriň fizika dersiniň maksatnamasynda göz öňünde tutulan derejeden azda-kände ýokary çylşyrymlylykda bolup, olara ylmy esasda düşündiriş bermäge hem-de fiziki hadysalaryň durmuşda ulanylýan ýerlerini görkezmäge çalşyldy. Bu gollanmada fiziki prosesleri açyp görkezmekde, kanunlaryň aňlatmalaryny getirip çykarmakda funksiýanyň önümi, differensial, kesgitli we kesgitsiz integral düşünjelerden hem zerurlyga görä peýdalanyldy. Her bölümiň soňunda getirilen gönükmelerde özbaşdak çözmek üçin dürli çylşyrymlylykdaky meseleler hödürlenilýär we gollanmanyň soňunda olaryň käbirleriniň işlenilişi görkezilýär. Gollanma fizika we matematika dersi boýunça ýöriteleşdirilen umumy orta bilim berýän mekdepleriň mugallymlaryna, okuwçylaryna, şeýle-de fizika boýunça bilimini özbaşdak artdyrmak isleýänlere ygtybarly gollanma bolup biler.

Bu okuw gollanmasy hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bagtyýar geljege, ösüşiň we gülläp ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň ösmegine uly goşant goşar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi