JLPT synaglarynyň netijeleri onlaýn elýeterli boldy
2025-08-25
| 1372
Şu ýylyň iýul aýynda geçirilen "JLPT" (Japanese Language Proficiency Test - ýapon dilini biliş synagy) synagynyň netijeleri 2025-nji ýylyň 25-nji awgustyndan 31-nji oktýabry aralygynda onlaýn görnüşinde elýeterlidir.
Synaga gatnaşyjylar, netijelerini resmi "JLPT Onlaýn Netije" web sahypasynda anketany doldurmak bilen girizilen synag belgisini we parolyny girizip barlap bilerler.
Netijeler bilen şahadatnamalar sentýabryň ortalaryndan Ýaponiýadan Türkmenistana iberiler diýip, Ýaponiýanyň Aşgabatdaky Ilçihanasy habar berýär.