ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «UMUMY SUNGAT TARYHY» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

2025-08-25 | 756
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «UMUMY SUNGAT TARYHY» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak baradaky öňe sürýän başlangyçlarynyň we bilim syýasatynyň esasynda öňde durýan wezipeler jemgyýetiň öňdebaryjy önümçilik ugurlary boýunça dünýä talaplaryna laýyk gelýän inžener hünärmenlerini taýýarlamaklyga hem gönükdirilendir.

       Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleriniň «Binagärlik», «Binagärlik gurşawynyň dizaýny» hem-de «Şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek» hünärleri üçin «Umumy sungat taryhy» okuw kitaby (awtorlary: B.Mämmedow, Ä.Gubaýewa, G.Jumaýewa – A.: «Ylym» neşirýaty, 2025) çapdan çykdy.

       Okuw kitabynda taryhy ösüşiň dowamyndaky sungatyň birnäçe görnüşleri barada beýan edilýär. Olar biri-birinden şekillendiriş obýektleri, mazmuny, çeper usullary we serişdeleri, täsiri boýunça tapawutlanýarlar. Her görnüşiň aýratynlygy diňe özüne mahsus beýan ediş güýjünde, durmuşyň dürli ýagdaýlarynyň estetiki beýanyny açyşynda ýüze çykýar.

Okuw kitabyny taýýarlamakda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, Türkmen döwlet habarlaryň maglumatlary we metbugatyň ýazgylary ulanyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk kitaplaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem, dünýäni öwrenmäge ýardam edýän daşary ýurt alymlarynyň sungat ylmyna ýakynlaşdyrýan edebiýatlaryndan peýdalanyldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi