ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN “BINAGÄRLIGIŇ, ŞÄHERGURLUŞYGYŇ TARYHYNYŇ WE NAZARYÝETINIŇ HÄZIRKI ZAMAN MESELELERI” OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

2025-08-25 | 548
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN “BINAGÄRLIGIŇ, ŞÄHERGURLUŞYGYŇ TARYHYNYŇ WE NAZARYÝETINIŇ HÄZIRKI ZAMAN MESELELERI” OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Binagärlik döredijiliginde bilim we ylym adamyň durmuş töweregini gurnamakda, ýurdumyzyň görküni şekillendirmekde, durnukly medeni we maddy miraslary düzmekde iň wajyp esasdyr. Ilatly ýer çäkleriniň özleşdirilmegi we abadanlaşdyrylmagy – şähergurluşygyň möhüm meseleleriniň biri bolup, onuň çözülmegine dürli hünärmenler, şonuň ýaly-da şähergurluşykçy hünärmenler gatnaşýarlar. Şähergurluşygy üçin saýlanylyp alnan ýa-da eýýäm bar bolan çäkleriň özleşdirilmegi, estetiki hiliniň gowulandyrylmagy, bag-bakjalaşdyrylmagy, zyýanly täsirlerden goralmagy esasy talaplaryň biridir.

       Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin “Binagärligiň, şähergurluşygyň taryhynyň we nazaryýetiniň häzirki zaman meseleleri” okuw kitaby (awtorlary: A.Orazgeldiýewa, A.Arazow – A.: “Ylym” neşirýaty, 2025) neşir edildi.

    Okuw kitaby üç sany esasy bölümden ybarat bolup, ol binagärlik-şähergurluşyk taslamasynda gutarnykly durmuşa geçirme usullaryny we olaryň esasy şekillerini görkezmek, şeýle hem binagärligiň, şähergurluşygyň geljekki ösüşiniň düýbini açyp görkezýär, olaryň täze görnüşlerini aýdyň aňladyp we döredijiligiň öňdebaryjy maksatlaryna görä bolan görnüşlerini, şekillerini, täze formalaryny döredip durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler barada beýan edilýär.

Kitaby taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, Türkmen döwlet habarlaryň maglumatlary we metbugatyň ýazgylary ulanyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk kitaplaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem, binagärligiň, şähergurluşygyň taryhynyň we nazaryýetiniň häzirki zaman meseleleri boýunça daşary ýurt alymlarynyň edebiýatlaryndan peýdalanyldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi