Aşgabatda “Kids Expo- hemme zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işini netijeli dowam edýär

2025-08-22 | 866
Aşgabatda “Kids Expo- hemme zat çagalar üçin” atly halkara 
sergi-ýarmarkasy öz işini netijeli dowam edýär

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy ikinji iş gününi netijeli dowam edýär.

Sergi çagalar harytlary pudagynyň köp tematiki ugurlaryny öz içine alýar. Sergi-ýarmarkada mekdep üçin harytlar (kanselýariýa, çagalar mebeli), çagalar üçin bilim we okuw, oýnawaçlar we okuw esbaplary, çagalaryň biliminde innowasiýa tehnologiýalary, çagalar edebiýaty we kitap okamak, çagalar üçin iýmitlenmek we sagdyn iýmitlenmek, çaga psihologiýasy we ösüşi, çagalar üçin interaktiw açyk meýdançalar, inklýuziw bilim we aýratyn zerurlyklary bolan çagalara ideg, çagalar üçin döredijilik çäreleri we ussatlyk sapaklary, çagalaryň ösmeginde ene-atalaryň orny, maşgala gymmatlyklary we terbiýe ýaly bölümler öz beýanyny tapýar.

Serginiň meýilnamasyna laýyklykda guralýan çagalar üçin lybaslaryň dabaraly görkezilişi, çagalar üçin dürli ugurlar boýunça tälim beriji ussatlyk sapaklary, çaga terbiýesi we kitap okatmagyň peýdasy barada ata-enelere maslahat beriş geňeşmeler, kiçi ýaşly çagalaryň arasynda özboluşly bäsleşikler, ertekileriň, miltfilmleriň gahrymanlarynyň hem-de täsin tilsimleri görkezýän artistleriň şowhunly çykyşlary hemmelerde uly täsir galdyrýar.