RUS DILINDE OKADYLÝAN XII SYNP ÜÇIN «TÜRKMENISTANYŇ TARYHY» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

2025-08-22 | 1268
RUS DILINDE OKADYLÝAN XII SYNP ÜÇIN «TÜRKMENISTANYŇ TARYHY» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Garaşsyzlyk döwri Türkmenistanyň taryhynda aýratyn orny eýeleýär. Onuň her aýy, her ýyly buýsandyryjy wakalara baýdyr. Şonuň üçin Türkmenistanyň täze nesilleri ýurdumyzyň iň möhüm döwrebap taryhy wakalary hakynda çuňňur bilimlere eýe bolmalydyr. Häzirki wagtda ýaşlar özleriniň haýsy ýurtda ýaşaýandyklaryny we Watanymyzyň dünýäniň beýleki döwletlerinden näme bilen tapawutlanýandygyny olaryň bilmekleri zerurdyr. Bu bolsa täze nesli watançylyk ruhunda terbiýelemegiň esasy wezipeleriniň biridir.

Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän orta mekdepleriň rus dilinde okadylýan 12-nji synpy üçin “Türkmenistanyň taryhy” okuw kitaby (awtor: Ý.Orazgylyjow – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) çapdan çykdy.

Okuw kitaby iki sany esasy bölümden ybarat:

Birinji bölümde döwletiň emele gelmegi we jemgyýetçilik-ykdysady özgertmeleriň başlanmagy beýan edilýär. Onda halkyň ykbalyndaky düýpli üýtgeşmeler, jemgyýetçilik-syýasy durmuşdaky, ykdysadyýetdäki, sosial ulgamdaky, şeýle hem bilim, ylym, medeniýet, sungat we daşary syýasatdaky özgermeler beýan edilýär.

Ikinji bölümde garaşsyz ösüşiň täze tapgyry, özgertmeleriň çuňlaşmagy we bazar ykdysadyýetine geçiş barada gürrüň edilýär. Onda jemgyýetçilik-syýasy durmuş, bazar gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy, jemgyýetiň jemgyýetçilik-ykdysady ýagdaýy, ynsanperwer ulgamynyň ösüşi we daşary syýasat baradaky meseleler beýan edilýär.

Kitabyň ýazylmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň habarnamasy ýaly resmi neşirleriň maglumatlary, şeýle hem statistiki maglumatlar,  Türkmen döwlet habarlaryň maglumatlary we metbugatyň ýazgylary ulanyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşlaryna we kararlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Olaryň çykyşlary we kabul edilýän kararlar wakalary öwrenmekde, baha bermekde, şeýle hem geçmiş tejribesinden ugur almakda, häzirki meseleleri we olaryň çözgütlerini görkezmekde ulanyldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi