TÄZE SEPGITLER KESGITLENILDI
Mary welaýaty. Mary şäherindäki 28-nji orta mekdepde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýen şygar astynda welaýatyň bilim işgärleriniň awgust maslahaty guramaçylykly geçirildi.
Maslahata welaýatyň öňdebaryjy bilim işgärleri, bilim edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýat häkimliginiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda Mary welaýat häkiminiň orunbasary Ç. Akyýewa gutlag sözi bilen çykyş edip, welaýatyň bilim işgärlerine täze okuw ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Mary welaýat Baş Bilim müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji A. Annaseýidow “2024-2025-nji okuw ylynyň jemleri we täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler barada“ hasabat bilen çykyş etdi. Hasabatda welaýatyň bilim işgärleriniň geçen okuw ýylynda gazanan üstünlikleri, ýetilen sepgitler barada giňişleýin durlup geçildi. Welaýatyň bilim işgärleri indi telim ýyldan bäri “Altyn asyryň altyn nesilleri “ atly ders bäsleşigniň jemleri boýunça ýurdumyz boýunça öňe saýlanýarlar. Maslahatda täze okuw ýylynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, çagalara berilýän bilimiň we terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak, gazanylýan üstünlikleri has-da berkitmek üçin öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Maslahatda hasabaty ara alyp maslahatlaşmak boýunça “Iň göreldeli mekdep müdiri “atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi, Mary şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň müdiri O.Mämmetdurdyýewa, “Ýylyň terbiýeçisi-2023” bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 1-nji orna mynasyp bolan, Murgap etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi O. Durdymyradowa, “Iň göreldeli aýdym-saz mugallymy” bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 1-nji orna mynsyp bolan, Türkmengala etrabynyň 8-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy G.Akmyradowa, Mary şäheriniň 1-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy, ýaş hünärmen Ç. Parahadowa we başgalar çykyp geplediler.
Maslahatyň ahyrynda welaýatyň öňde baryjy bilim işgärlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Annamyrat HOTJYÝEW,
Murgap etrap bilim bölüminiň hünärmeni.