UMUMY ORTA BILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ XII SYNPY ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

2025-08-16 | 1036
UMUMY ORTA BILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ 
XII SYNPY ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bilim edaralarynyň işini dünýä ölçeglerine kämilleşdirmek we sanly ulgamy ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Bilimler ykdysadyýetiniň wajyplygy göz öňünde tutulyp, bilim hyzmatlar bazaryny, ykdysady medeniýeti ösdürmek boýunça yzygiderli, toplumlaýyn işler alnyp barylýar. ХХI asyrda türkmen ýaşlarynyň sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine öz mynasyp goşantlaryny goşmagy, bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlandyrylmagy, dürli bazar şertlerinde amatly dolandyryş çözgütlerini kabul edip bilmekleri üçin ykdysady bilimleriň orny örän uludyr.

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň ХII synpy üçin «Ykdysadyýetiň esaslary» okuw kitaby (awtory: Ç.Şallyýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi. Okuw kitaby maddy we maddy däl aktiwleri öndürmek, paýlamak, alyş-çalyş etmek, sarp etmek boýunça adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary hem-de olaryň özüni alyp barşyny öwretmäge degişli gymmatly maglumatlary öz içine alýar. Onda beýan edilýän maglumatlar ösüp gelýän ýaş nesliň ykdysadyýet barada düşünjesini, telekeçilik başarnyklaryny ösdürmäge we ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga ýakyndan ýardam eder.

Okuw kitabynda häzirki zaman şertlerinde ykdysady medeniýeti ösdürmek boýunça statistiki maglumatlar, tablisalar, grafikler we dürli şekiller, bilimiňi barlamak üçin degişli sowalnamalar ýerleşdirilipdir. Ykdysady adalgalaryň iňlisçe atlandyrylyşyna hem üns berlipdir.

Bu okuw kitaby hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bagtyýar geljege, ösüşiň we gülläp ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň ösmegine uly goşant goşar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi