DARYA taslamasynyň çäginde hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi
Türkmenistanyň hünär bilim ulgamyny halkara ülňülerine laýyk ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň çäklerinde, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Kul şäherinde geçirilen “DARYA summer school on Excellence in Teaching and Learning” atly halkara tomusky okuwlara gatnaşdylar.
Bu tomusky okuw, Merkezi Aziýada hünär bilimini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän sebitdäki möhüm çäreleriň biri bolup, onuň dowamynda esasy üns “Hünär kämillik mekdebi” düşünjesine gönükdirildi. DARYA taslamalarynyň çäklerinde ulanylýan esasy gurallary bolan SCAFFOLD we ISATCOVE arkaly bu ugra strategik çemeleşmeler görkezildi.
Tomusky okuw 3 esasy tematiki ugra bölünip geçirildi we her bir gatnaşyjy şol ugurlaryň birinde iş alyp bardy.
- Hünär kämilleşdiriş merkezlerini goldaýan syýasaty işläp taýýarlamak;
- Mugallymlaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek;
- Innowasion pedagogik usullar we SCAFFOLD.
Okuwlar interaktiw sapaklar, toparlaýyn iş-tejribe alyşmalar, ýurtlar boýunça ýol kartalarynyň işlenip düzülmegi bilen utgaşdy. Okatmagyň SCAFFOLD usulyýeti we hünär kämilleşdirmegiň ISATCOVE ýaly gurallary arkaly bilim ulgamynda hil taýdan ösüşiniň mümkinçilikleri giňden öwrenildi. Okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri beýan edildi.
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi