ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «ÇYZUW GEOMETRIÝASY» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

2025-08-07 | 1312
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «ÇYZUW GEOMETRIÝASY» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda «Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öňde goýlan uly möçberli wezipeleri berjaý etmegiň mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Watanyň daýanjy bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, edepli-ekramly, sagdyn, ruhubelent, hakyky watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri üçin döwlet tarapyndan ähli şertleri döredip berýär.

Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Çyzuw geometriýasy» okuw kitaby (awtorlary: T.Şekeralyýew, B.Ismailow – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi. Bu okuw kitabyna girizilen temalar dersiň okuw maksatnamasyna, döwrüň talaplaryna laýyk gelýär. Okuw kitabynda beýan edilýän maglumatlaryň esasynda nokadyň, kesimiň we dürli geometrik şekilleriň giňişlikdäki hem-de epýurdaky proýeksiýalary öwrenilýär. Olara degişli meseleleri çözmegiň ýollary gerekli çyzgylaryň üsti bilen anyk we takyk düşündirilýär.

Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň inžener-tehniki hünärlerinde okaýan talyplar üçin niýetlenen hem bolsa, ondan bu ugurda işleýän hünärmenler, ähli gyzyklanýanlar hem peýdalanyp bilerler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi