TALYP BOLMAK – HER BIR ÝAŞ ÝIGIDIŇ ARZUWY

2025-08-06 | 857
TALYP BOLMAK – HER BIR ÝAŞ ÝIGIDIŇ ARZUWY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan geljegi nazarlaýan oňyn başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ýaş nesil hakda edilýän aladalar, amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzy, şol sanda biz ýaşlary hem täze üstünliklere ruhlandyrýar.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2025-2026-njy okuw ýyly üçin giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, talyp adyna mynasyp bolmak maňada miýesser etdi  we öz öňümde goýan beýik maksadyma ýetdim. Men 2025-nji ýylda geçirilen «Altyn asyryň Altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine gatnaşyp, matematika dersi boýunça III derejeli Diplom bilen sylaglandym. Nesip bolsa, geljekde hem döredijilik ukyplarymy kämilleşdirip, öwredilýän ylymlary we bilimleri düýpli özleşdirip, saýlap alan hünärimiň eýesi bolup, Watanyma, halkyma tüýs ýürekden hyzmat etjekdigime ynandyrýaryn. Döwletimiziň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň kämilligini gazanmak ugrundaky asylly işlere goşant goşmak üçin ýokary derejeli hünärmen bolup ýetişmek ugrynda zähmet çekerin.

Biz - ýaşlara ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, röwşen ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan dünýä nusgalyk işleri uly rowaçlyklara beslensin!

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Gurbangulyýew Guwanç, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby