TALYPLYK BUÝSANJY-KÖŇÜL BUÝSANJY

2025-08-06 | 769
TALYPLYK BUÝSANJY-KÖŇÜL BUÝSANJY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşlere beslenýän ýurdumyzda ýaşlaryň aýdyň geljegi üçin döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan uly özgertmeler, ýetilen belent sepgitler bagtyýar ýaşlary uly üstünliklere, bilim öwrenmäge ruhlandyrýar. Munuň özi halkymyzyň maddy we durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak barada edilýän aladalaryň, bagtyýar ýaşlar üçin döredilýän uly mümkinçilikleriň aýdyň beýanydyr. Bularyň hemmesi ýaşlara döwrüň talabyna laýyklykda bilim almaga, hünär öwrenmäge, döretmäge uly güýç-kuwwat berýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde innowasion tehnologiýalaryň ösüşi durmuş hakykatyna öwrüldi. Bu günki ýaşlar iň ösen tehnologiýalary, sanly ulgamy ussatlyk bilen özleşdirýärler. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, sanly ulgamyň hem ösdürilmegi ýaşlary buýsanja besleýär.

Men, 2024-nji we 2025-nji ýyllarda informatika dersi boýunça geçirilen olimpiadasyna işjeň gatnaşyp, degişlilikde I we II derejeli Diplomlara mynasyp boldum.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” 2025/2026-njy okuw ýyly üçin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen giriş synaglaryndan bäsleşik esasynda üstünlikli geçip, uniwersitetiň bagtyýar talyby bolmak bagty maňa miýesser etdi. Ýaşlykda eden arzuwlarym hasyl boldy. Men öz saýlap alan hünärimiň eýesi bolmak üçin ähli başarnygymy gaýgyrmaryn. Döwletimiziň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň kämilligini gazanmak ugrundaky asylly işlere goşant goşmak üçin ýokary derejeli hünärmen bolup ýetişmek ugrynda zähmet çekerin. Biz ýaşlara bilim almak üçin şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunymyzy aýdaýarys. Goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyga beslensin!

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Annageldyýew Halymmuhammet, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby