Ýaşlar forumy ― dost-doganlyk köprüsi

2025-08-04 | 599
Ýaşlar forumy ― dost-doganlyk köprüsi

Şu gün ― 4-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köpri gurmak” atly Ýaşlar forumynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Ýaşlar syýasaty bilen bagly ugurdaş çäreleriň ençemesi geçirildi. Halkara çärelere BMG-niň ýokary derejeli wekilleri bilen birlikde, dünýäniň dürli künjeginden Durnukly ösüş maksatlary boýunça ýaş ilçiler hem gatnaşdylar.

Ýaşlar forumynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljekki ösüşi boýunça oňyn meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy we degişli çözgütleriň kabul edilmegi, ýaşlaryň innowasion başlangyçlarynyň tanyşdyrylmagy aýratyn bellärliklidir. Ýaşlar forumynyň dowamynda “Ýaşlar Jarnamasy” hem tanyşdyryldy we makullanyldy. “Ýaşlar Jarnamasynyň” durmuşa geçirilmegi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde oňyn çözgütleriň kabul edilmegine ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün eder. Ýeri gelende bellesek, bu taslamanyň awtory Zambiýa Respublikasynyň Ýaş maslahat beriş toparynyň agzasy Mwinji Naçingadyr.

Ýokary derejeli wekilleriň jemleýji çykyşlary tamamlanandan soňra, “Ýaşlar Jarnamasy” kabul edilip, ýaşlaryň umumy surata düşmek dabarasy boldy.

Günüň ikinji ýarymynda Ýaşlar Forumynyň çäklerinde “Landlinked Fellowship” maksatnamasynyň agzalaryna baýrak gowşurylyş dabarasy we “Ýaş telekeçileriň analitiki makalalarynyň tanyşdyrylyşy” atly çäresi geçirildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty we onuň çäklerinde geçirilýän çäreler toplumy dowam edýär.