ŞADYÝAN TOMSUŇ ÝAKYMLY PURSATLARY
Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň gyzykly geçýän günleriniň birinde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Daýanç” çagalar sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Türkmenbaşy şäherindäki 11-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy Amangözel Amangeldiýewa “Döwletimiz – berkarar, döwrümiz – bagtyýar” atly täsirli çäre geçirdi. Tegelek stoluň başynda guralan söhbetdeşlige ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan gelen 9-13 ýaşly mekdep okuwçylary höwes bilen gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde berkarar döwletimizi wasp edýän buýsançly we gyzykly gürrüňler edildi. Söhbetdeşlige gatnaşan çagalar Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan döwletimiziň ýeten belent sepgitleri barada gyzykly gürrüň berdiler we goşgular bilen wasp etdiler.
Biz ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan döwletiniň, beýik akyldar Magtymgulynyň “Berkarar döwlet istärin” diýip, arzuwlaryny şygra salan we “Gurdugym, aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy” diýip, ruhy taýdan esaslandyran döwletiniň gujagynda erkana hem bagtyýar ýaşaýarys. Bu halkymyzyň arzuwlarynyň hem maksatlarynyň hasyl bolan hakykatdyr. Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik örän gyzykly we şowhunly boldy. Tomus möwsümini şadyýanlykda geçirýän çagalar özleri üçin döredilýän mümkinçiliklere buýsanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Güljahan Garabaýewa,
Türkmenbaşy şäheriniň takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň kitaphanaçysy.