RUS DILINDE OKADYLÝAN XII SYNP ÜÇIN «HIMIÝA» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Häzirki wagtda döwlet tarapyndan dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu mümkinçiliklerden ýokary derejede we netijeli peýdalanmak ýaşlaryň öňünde durýan esasy wezipedir. Munuň özi olaryň bilim, başarnyk, tejribe hem-de hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýakyndan ýardam eder.
Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän orta mekdepleriň rus dilinde okadylýan XII synpy üçin «Химия» okuw kitaby (awtorlary: M.Amangulyýew, M.Nurgeldiýew, A.Şemekow – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) neşir edildi.
Bu okuw kitabynda okuw maksatnamasyna laýyklykda himiki reaksiýalar, olaryň klassifikasiýasy, geçiş mehanizmleri we ugurlary, metallaryň we metal dälleriň aýratynlyklary, periodik sistemadaky orny, olaryň alnyş usullary, metallaryň toparlary, organiki we mineral dökünleriň aýratynlyklary, himiki analizleriň esaslary, kationlaryň we anionlaryň klassifikasiýasy, ýokary molekulýar birleşmeler, sintetik kauçuklar hem-de süýümler barada umumy we doly maglumatlar berilýär. Şeýle hem okuw kitabynda daşky gurşawyň hapalanmagy we ony goramak boýunça giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilendir.
Daşky gurşawy goramak meselesi Türkmenistanda aýratyn üns berilýär. Tebigy serişdeleri rejeli ulanmak, çykdajysyz önümçilik görnüşlerini giňeltmek, öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu ugurda alnyp barylýan özgertmeler ýurdumyzyň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berýän, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge ukyply önümçiligi ösdürmäge gönükdirilendir. Bu bolsa Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bagtyýar geljege, ösüşiň we gülläp ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň ösmegine uly goşant goşýar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi