Türkmenistan bilim we ylym ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar
Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, bu ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, ýokary bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, munuň özi milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň badalga bermegi bilen ylym-bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli berkidilmegine hem-de giňden ýaýbaňlandyrylmagyna ýardam berýän halkara ylmy maslahatlaryny, sergileri, bäsleşikleri, olimpiadalary geçirmekde oňyn tejribeler toplanýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 10-njy iýunynda çykaran 594-nji karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda», şeýle hem, bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurduň ylmy jemgyýetçiliginiň ýokary derejesini görkezýän birnäçe möhüm halkara ylmy çäreler meýilleşdirilýär. Bu çäreleriň hatarynda hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň başlangyjy bilen halkara olimpiadalaryň, ýaryşlaryň we ylmy we amaly maslahatlaryň geçirilmegine badalga berildi.
2024-nji ýylyň 16-17-nji oktýabry aralygynda Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigi, 1-nji noýabrynda Türkmen döwlet maliýe institutynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasy, 6-njy noýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty, 13-nji noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty, 15-nji noýabrynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Maliýe» dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasy, hem-de 29-njy noýabrynda «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty, 18-20-nji noýabry aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Filosofiýa» hem-de 21-23-nji noýabry aralygynda «Ykdysadyýet» dersleri boýunça halkara internet olimpiadalary, 20-nji noýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Biologiýa» dersi boýunça III Halkara internet olimpiadasy, şeýle hem 25-30-njy noýabry aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Himiýa» dersi boýunça III halkara olimpiadasy geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Geçiriljek Halkara olimpiadalaryna, ylmy-amaly maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Awstriýa Respublikasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Özbegistan we Gazagystan Respublikalarynyň hem-de beýleki onlarça döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň, professor-mugallymlarynyň, alymlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara derejesindäki intellektual ýaryşlarynda ýeňiji bolan zehinli talyplary medallar, dürli derejeli diplomlar bilen sylaglamak göz öňünde tutulýar.
Halkara bilim bäsleşiklerini we maslahatlaryny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, degişli ýokary okuw mekdepleri tarapyndan düzgünnamalar, tertipler, usulyýet we gözükdiriji gollanmalar taýýarlanyldy.
Bu halkara bilim çäreleriniň geçirilmegi talyp ýaşlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmeginde, milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly we çalt depginde ösýän pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagynda hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň ulgamlaýyn esasda kämilleşdirilmeginde ähmiýeti uly bolar.
Şeýle hem okaň: