Hytaý ýaş türkmen suratkeşlerini halkara sergä gatnaşmaga çagyrýar
Hytaý “Dünýäniň iň owadan çaga suraty” atly halkara çäresine gatnaşmak üçin türkmenistanly ýaş zehinli suratkeşleriniň işlerine garaşýar. Bu çäre 2025-nji ýylda “Hytaý-ýewropa ynsanperwer otlysy” taslamasynyň çäklerinde geçiriler.
Giň gerimli çäre HHR-iň Bilim ministrliginiň Hytaýyň daşary ýurtlar bilen ynsanperwer alyş-çalyş merkezi hem-de “Synp we synpdan daşary” atly žurnalyň redaksiýasy tarapyndan guralýar. Ilkinji gezek medeniýetleriň arasyndaky alamatly köpri hökmünde “Hytaý-Ýewropa” otlysynyň halkara logistika ugry ulanylar.
Çäre hytaý-ýewropa otlysynyň ugrunda ýerleşýän ýurtlardaky 3-18 ýaş aralygyndaky çagalara we ýaşlara degişli bolup, gatnaşyjylara suratkeşlik, hatdatlyk, dizaýn, heýkeltaraşlyk we fotosurat ugurlary boýunça çeperçilik işlerini hödürlemäge teklip edilýär. Eserler tematikasy “Hytaý-Ýewropa otlysy”, “Ýüpek ýolunyň manzaralary”, “Siwilizasiýalar dialogy”, “Öýümiz” we beýlekilerden ybarat.
Iň gowy işler bilermenler tarapyndan saýlanyp, sanly bulutlaýyn sergi zalyna hemişelik giriziler. Şeýle hem, olar “Hytaý-Ýewropa” otlysynyň ugrundaky şäherler boýunça halkara sergi syýahatyna gatnaşmak mümkinçiligini alarlar. Ol ýerde bu eserler giň köpçülige dürli ýurtlardaky ýaşlaryň döredijilik üstünlikleri hökmünde görkeziler.
Taslama gatnaşmak mugt esasda amala aşyrylýar – hasaba alnyş tölegler talap edilmeýär. Çäräniň esasynda haýyr-sahawat we meýletinçilik ýörelgeleri ýatyr.
“Dünýäniň iň owadan çaga suraty” atly sergisi 2016-njy ýyldan bäri geçirilip, her ýyl dürli ýurtlardan on müňlerçe çagany birleşdirýär. Taslamanyň esasy maksady halklaryň arasyndaky medeni alyş-çalyşy ilerletmekden, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmekden hem-de ýaş ösüp gelýän nesliň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmekden ybaratdyr.