2025-NJI ÝYLDA TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY WE ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEPLERINE RESMINAMALARYŇ KABUL EDILJEK ÝERLERI WE WAGTY

2025-07-17 | 4471
2025-NJI ÝYLDA TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY WE ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEPLERINE RESMINAMALARYŇ KABUL EDILJEK ÝERLERI WE WAGTY

Ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgär ýaşlaryň resmi iş kagyzlary her orta hünär okuw mekdebiniň ýerleşýän ýerinde (öz binalarynda) kabul edilýär.

Iş wagty: 14.07.2025ý. – 18.08.2025ý. aralygynda: (şol sanda dynç alyş günleri hem) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

Has takygу: mugallymçylyk, lukmançylyk, medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdepleri – 14.07.2025ý. – 27.07.2025ý. aralygynda; - galan orta hünär okuw mekdepleri – 14.07.2025ý. – 18.08.2025ý. aralygynda.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary Aşgabat we Arkadag şäherlerinde şeýle-de welaýat merkezlerinde kabul edilýär.

Giňişleýin maglumatlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz!

Șeyle hem okañ: Turkmenportal