ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «BADMINTON OÝNUNYŇ NAZARYÝETI WE USULYÝETI» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

2025-07-05 | 962
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «BADMINTON OÝNUNYŇ NAZARYÝETI WE USULYÝETI» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ilatyň ähli ýaşdakylaryny köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta çekmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek babatda hem uly işler alnyp barylýar.

Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Badminton oýnunyň nazaryýeti we usulyýeti» okuw kitaby (awtorlary: R,Annamämmedow, M.Serdarow – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025.) neşir edildi. Badminton oýny sport ýaryşlarynyň maksatnamasyna girizilen görnüşdir.

Okuw kitaby girişden, badminton oýnunyň ösüş taryhy, badminton oýny Olimpiýa oýunlarynda, Türkmenistanda badmintonyň ösüş ýollary, badminton raketkalary, badminton topy, badminton raketkasynyň kirişleri (ýüpleri), badminton meýdançasynyň ölçegleri, örtükleri, bu oýnuň (umumy, ýekelikdäki we jübütleýin) düzgünleri, oýnuň nazary we usuly aýratynlyklary, bedeniň ösüşine täsiri, ýaryşlary guramagyň we geçirmegiň usullary, badminton barada has derwaýys gyzykly we ş.m. maglumatlar, peýdalanylan edebiýatlaryň sanawy ýerleşdirilipdir.

Sagdyn durmuş ýörelgesini amala aşyrmakda ählimize nusgalyk mekdebini görkezýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Bilim ulgamynyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri, hemaýat-goldawlary üçin hem köp sagbolsun aýdýarys.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi