TEBIGAT – BIZIŇ ÖÝÜMIZ
Eziz Watanymyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalar mähir, söýgi, üznüksiz alada bilen gurşalýar. Olaryň rahat dynç almaklary, okap-öwrenmekleri, döretmekleri, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, ata Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesillerimiz barada döwlet derejesinde edilýän aladalar her bir ene-atany, terbiýeçini, bilim işgärini juda buýsandyrýar.
Bagtyýar çagalaryň tomus paslynyň dynç alyş möwsüminde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, öz wagtlaryny gyzykly hem manyly geçirmekleri üçin bilim işgärleri dürli çäreleri geçirýärler. Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesiniň M.Geldiýew adyndaky 34-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy Döndi Durdyýewanyň guramagynda bu ýerdäki «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç almaga gelen çagalar bilen 5-nji iýun – Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Tebigat – biziň öýümiz» atly çäre geçirildi. Bu çäräniň çäginde söhbetdeşlik, surat çekmek boýunça bäsleşik we tebigata gezelenç guraldy. Dynç alýan körpejelerimiz bilen tebigatymyzyň gözelligi, tebigatymyza we daşky gurşawa zeper ýetirmezlik, ony aýawly saklamak barada terbiýeçileriň gatnaşmagynda giňişleýin gürrüňdeşlik geçirildi. Türkmen halk ertekilerinde tebigatymyzyň, daşky gurşawmyzyň gözelligini beýan edýän gyzykly pursatlar boýunça surat çekmek bäsleşigi geçirilip, çärä gatnaşanlara höweslendiriji dürli sowgatlar gowşuryldy.
Gyzykly geçen bu çäreden täsirlenen çagalar Berkarar döwletimizde beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň ýetişmegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi