TALYPLYGA BARÝAN ÝOLUŇ DURALGASY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe orta mekdebi tamamlan uçurymlaryň aglabasy ýurdumyzyň yokary okuw mekdeplerine talyp bolmagy ýüreklerinde besläp, giriş synaglaryna taýýarlyk görýärler. Türkmenbaşy şäheriniň takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň kitaphanasy bu günler köp adamly bolýar. Sebäbi talyplyga dalaşgär ýaşlaryň onlarçasy kitaphana gelip, gündelik gazet-žurnallar bilen tanyşýarlar, ýurdumyzyň taryhyna we şu gününe degişli maglumatlary owrenýärler.
Bu mekdebiň tejribeli kitaphanaçysy Güljahan Garabaýewa dalaşgär ýaşlara gerekli kitaplary we zerur maglumatlary saýlap almakda, öwrenmekde ýakyndan ýardam berýär. Ýaşlar mekdep döwri öwrenen maglumatlaryny ýene-de bir gezek gözden geçirip, bilimlerini berkitmek üçin Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş, türkmen dili we edebiýaty, fizika, matematika, himiýa, iňlis dili derslerinden okuw kitaplaryny köp soraýarlar. Olar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerini okap, bilimlerini we dünýägaraýyşlaryny has-da artdyrýarlar. Ata Watanymyzda ýaşlar barada edilýän bimöçber aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdýarlar.
Jemile Metmyradowa,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şaher bilim bölüminiň hünärmeni.