Türkmen wekiliýetiniň «ýaşyl energetikany» ösdürmek we howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmak maksady bilen Germaniýa iş sapary

2025-07-03 | 1061
Türkmen wekiliýetiniň «ýaşyl energetikany» ösdürmek we howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmak maksady bilen Germaniýa iş sapary

Öň mälim bolşy ýaly Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan “Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024–2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler” atly taslamanyň çäklerinde iş saparynda bolan, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti Galle-Wittenbergdäki Martin Lýuter uniwersitetine baryp gördi. Ol ýerde Galle-Wittenbergdäki Martin Lýuter uniwersitetiniň rektory professor doktor Klaudiýa Bekker bilen resmi duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk Galle şäherindäki uniwersitetiň taryhy şäherçesinde geçdi we ýokary bilimi ösdürmek, ylmy hyzmatdaşlyk we akademiki işjeňlik meseleleri boýunça özara düşünişmek we oňyn pikir alyşmak ýagdaýynda geçdi.  

Şeýle hem, Türkmenistandan we Germaniýadan öňdebaryjy bilermenleriň gatnaşmagynda döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmaga bagyşlanan ýöriteleşdirilen tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Bu çärede ählumumy energetika we ekologiýa meselelerini çözmekde halkara hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn netijeliliginiň  ähmiýeti nygtaldy. Tanyşdyrylyşda durnukly energetika tejribesiniň, energiýa netijeliliginiň we ekologiýa innowasiýalarynyň öňdebaryjy gazananlaryny görkezýän birnäçe prezentasiýalar görkezildi. Çäräniň dowamynda Galle-Wittenbergdäki Martin Lýuter uniwersitetiniň Geoekologiýa kafedrasynyň professory Kristofer Konradyň çykyşy has täsirli boldy.  

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Kýotendäki Anhalt amaly ylymlar uniwersitetine (Anhalt University of Applied Sciences) baryp gördi, bu ýerde halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň wekilleri bilen resmi duşuşyk boldy. Taraplar Türkmenistanyň we Germaniýanyň uniwersitetleriniň arasyndaky akademiki we ylmy gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen wekiliýeti Germaniýanyň Saksoniýada ýerleşýän Klaustal tehnologiki uniwersitetine (Technische Universität Clausthal) baryp gördüler. Saparyň maksady ylym-bilim babatda Germaniýanyň öňdebaryjy tehniki uniwersitetleriniň biriniň arasynda akademiki hyzmatdaşlyk, ylmy hyzmatdaşlyk we alyş-çalyş maksatnamalary mümkinçiliklerini öwrenmekden ybarat boldy. Duşuşykda Klaustal tehnlogiki uniwersitetiniň ylmy barlaglar we özgertmeler boýunça prorektory professor Ýoahim Doýbener gatnaşdy. Professor Doýbener uniwersitetiň materiallary öwreniş, energetika ulgamlary, ekologiýa tehnologiýalary we sanly özgertmeler ýaly häzirki ylmy ugurlaryna syn berdi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna tanyşlyk saparynyň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolandygyny bellemek gerek. Saparyň dowamynda ylmy, bilim we diplomatik toparlaryň wekilleri bilen netijeli duşuşyklar üstünlikli geçirildi, bu bolsa ylym, tehnologiýa, bilim we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilik berdi. Alnan tejribe we ýola goýlan gatnaşyklar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we bilelikdäki başlangyçlary amala aşyrmak üçin berk esas döredýär. Şeýle işjeň halkara işi Türkmenistanyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine üstünlikli goşulmagyna oňaýly täsirini ýetirer.

Biz ylym we bilim ulgamynda bize döredilen mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, abadançylyk we Watanymyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygy üçin alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty