ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «HALKARA YNSANPERWER HUKUGY» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

2025-06-26 | 1118
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN «HALKARA YNSANPERWER HUKUGY» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Halkara ynsanperwer hukugy diýlende adalatlylyga, deňlige, adamyň esasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň hormatlanylmagyna düşünilýär. Halkara ynsanperwer hukugynyň kadalary halkara hukugyň iň gadymy pudaklaryna degişli edilýär.

Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Halkara ynsanperwer hukugy» okuw kitaby (awtorlary: D.Ballyýewa, S.Goçumowa, M.Gurbannazarowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025, 272 sah.) neşir edildi. Okuw kitaby girişden we on ýedi bapdan ybarat bolup, ol okuw maksatnamasyna laýyklykda degişli has derwaýys meseleleri öz içine alýar.

Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň halkara hukugy, hukuk öwreniş, halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, halkara žurnalistikasy hünärleri boýunça bilim alýan talyplara niýetlenilip, ondan magistrler, aspirantlar, şeýle hem degişli hünärmenler we beýleki okyjylar köpçüligi hem peýdalanyp bilerler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi