Hasyl toýuna bagyşlanyp onlaýn görnüşde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahat!
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2024-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Hasyl toýuna bagyşlanyp onlaýn görnüşde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2024-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Hasyl toýuna bagyşlanyp onlaýn görnüşde geçiriljek “Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar.
Ylmy-amaly maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.
Ylmy-amaly maslahatyň tematik ugurlary:
1. Agronomçylyk, bagbançylyk we ekologiýa;
2. Oba hojalyk önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek tehnologiýasy;
3. Zootehniýa we weterinar lukmançylygy;
4. Agrosenagat toplumynda ykdysadyýet we dolandyryş;
5. Agroinženerçilik;
6. Oba hojalyk uniwersitetinde ynsanperwer we matematika ylymlary;
7. Ýeňil we dokma senagaty;
8. Suw gorlaryny dolandyrmakda we ulanmakda innowasion tehnologiýalar.
Maslahata gatnaşmagyň görnüşleri: çykyş bilen uzak aralykdan (distansion) gatnaşmak ýa-da gaýybana gatnaşmak.
Ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler zerur maglumatlary tabşyrmak üçin degişli şertleri we talaplary berjaý etmelidirler.
Ylmy-amaly maslahata gatnaşmagyň şertleri:
1. Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänleriň her biri diňe bir nutuk hödürläp biler we awtorlar ikiden köp bolmaly däldir. Işiň mazmuny özbaşdak ylmy-barlag häsiýetli we ady bilen kybapdaş bolmaly.
2. Maslahata gatnaşmak üçin nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Nutugyň gysgaça beýany ylmy-amaly maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalar bolsa beýleki iki dilde bolmaly.
3. Maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň nutuklarynyň annotasiýalarynyň türkmen we rus dillerine terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler.
3.1 Maslahata ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly.
4. Daşary ýurtly gatnaşyjylar maslahatda etjek çykyşlarynyň tekstini taýýarlamaly we Guramaçylyk toparyna ibermeli (5-10 minutlyk çykyş, 5-6 sah.).
5. Maslahata ýerli gatnaşyjylaryň ylmy işiniň gysgaça beýany we annotasiýalar awtoryň işleýän edarasynda seredilmeli we Guramaçylyk toparyna iberilmeli. Hata nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň elektron görnüşleri goşulmaly.
6. Iberilen resminamalaryň mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler.
7. Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş görnüşi doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt)
1Familiýasy
2Ady
3Atasynyň ady
4Wezipesi
5Alymlyk derejesi, ady
6Işleýän ýeriniň doly ady
7Işleýän ýeriniň salgysy (poçta indeksini hem görkezmeli)
8Iş telefony, elektron salgysy
9Nutugyň ady
10Nutugyň tematiki ugry
11Nutuk haýsy dilde taýýarlandy
12Maslahata gatnaşmagyň görnüşi
8. Daşary ýurtly gatnaşyjylar hasaba alnyş görnüşini, degişli resminamalary, ylmy işiň gysgaça beýanyny, annotasiýasyny we dokladyny elektron görnüşde aşakdaky elektron salga ýollamaly:
conference.tau@mail.ru
Nutuklaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän talaplar:
1. Nutugyň gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210×297 mm) formatda 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly.
2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – “kitap” görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1.
3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Bu ýagdaýda her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl, şrifti bolsa 14-den kiçi bolmaly däl. Nutugyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl.
4. Maslahata elektron görnüşde tabşyrylýan ähli materiallar diňe Word for Windows formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmesi bilen).
5. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly:
awtoryň ady, familiýasy sahypanyň sag gyrasy boýunça deňlemek bilen 14-lik şriftde setir harplar bilen goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli;
- eger nutugyň iki awtory bar bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli;
- nutugyň, gysgaça beýanyň we annotasiýalaryň atlary baş harplar bilen 16-lyk şriftde goýy gara görnüşde ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli;
- nutugyň gysgaça beýanynyň tekstini ýazmazdan öň 1 setir goýbermeli.
6. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň tekstleri setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki deňlemeler degişli formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly.
7. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär.
8. Iş tabşyrylandan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär.
9. Guramaçylyk toparynyň karary boýunça iş ylmy-amaly maslahata goýberilmän bilner.
10. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar.
11. Ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gyçgaça beýanlary we annotasiýalary 2024-nji ýylyň 6-njy oktýabryna çenli kabul edilýär.
12. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän we bellenilen möhletden soň tabşyrylan işlere garalmaýar.
13. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe, 143-nji jaý.
14. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99365647291; +99362360336; +993 12 34-26-80.
Üns beriň!
- Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Ataýew Nurmyrat, faýlyň ady – «Ataýew N. tez». Nutuk aýratyn faýlda iberilmeli.
- Hasaba alnyş görnüşleri nutugyň ähli awtorlary tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen, ylmy-amaly maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşleri ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «reg» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, «Ataýew N. reg».
- Faýllary arhiwlemeli däl!
Halkara ylmy-amaly maslahatyň Guramaçylyk topary
Nutugyň gysgaça beýanynyň nusgasy.
Ata Ataýew, Berdi Berdiýew
(Türkmenistan)
TÜRKMENISTANYŇ PAGTAÇYLYK PUDAGYNDA AGROTEHNOLOGIÝALARYŇ ULANYLYŞY
Gysgaça beýany. Makalanyň mazmuny oba hojalygynda alnyp barylýan çärelere, ösümlikleriň galyndylaryndan ekin meýdanlaryny arassalamak ulgamyny kämilleşdirmäge, sürüm gatlagynyň we pagtanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän täze amatly tehnologiýalary we serişdeleri ornaşdyrmaga, az harajat bilen pagtaçylygy mehanizmleşdirmäge, ylaýta-da, onuň wajyp böleginiň biri bolan gowaça çöplerini ýygnamagy mehanizmleşdirmäge bolan talaplara gönükdirilen. Topragyň organiki düzümini ýokarlandyrmaga ýardam edýän ykdysady we energiýa tygşytlaýjy usullary kesgitlemek.
Ата Атаев, Берды Бердыев
(Туркменистан)
ИСПОЛЬЗОВАНИЕ АГРОТЕХНОЛОГИЙ В ХЛОПКОВОДЧЕСКОЙ ОТРАСЛИ ТУРКМЕНИСТАНА
Аннотация. Содержание статьи посвящено мероприятиям, проводимым в сельском хозяйстве, требованиям по усовершенствованию системы очистки полей от растительных остатков, применению новых рациональных технологий и средств, способствующих повышению плодородия пахотного слоя и урожайности хлопчатника, обеспечению механизации хлопководства с минимальными издержками, важное звено которой - механизация уборки стеблей хлопчатника. Выявление экономичных и энергосберегающих методов способствует повышению органической составляющей почвы.
Ata Atayev, Berdi Beriyev
(Turkmenistan)
USE OF AGROTECHNOLOGIES IN COTTON INDUSTRY OF TURKMENISTAN
Abstract. Article is about the measures, taken in agriculture, requirements on improvement of system of clearing fields from plant residues, application of new rational technologies and the means promoting of fertility of an arable layer and productivity of cotton. Maintenance of mechanization of cotton growing with the minimum costs, which important link mechanization of harvesting of cotton stalks. Economic and power saving methods raising an organic part of soil were identified.