Dabaraly çäre geçirildi

2025-06-16 | 532
Dabaraly çäre geçirildi

 Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda uçurymlara diplom hem-de döşe dakylýan nyşanyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda institutyň professor-mugallymlary, Döwlet synag toparyň ýolbaşçylary gutlag sözlerini aýtdylar. Soňra bolsa institutyň uçurumlary hoşallyk sözlerinde Hormatly Prezidentimiz, Gahryman Arkadagymyz, döwletimiz tarapyndan ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösmeginde mynasyp goşant goşjak ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertleriň döredilendigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Uçurumlar Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekjekdiklerini belläp geçdiler. Soňra bolsa institutyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty