A.N.Kosygin adyndaky Rus uniwersiteti türkmenistanly dalaşgärler bilen onlaýn-duşuşygyny geçirer
2025-06-10
| 630
19-njy iýunda Aşgabatdaky Rus öýünde Russiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan A.N.Kosygin adyndaky Rus döwlet uniwersitetiniň wekilleri bilen göni aragatnaşyk arkaly maslahat geçiriler.
Çäre mekdep uçurymlary, olaryň ata-eneleri we Russiýa Federasiýasynda ýokary hilli bilim almak isleýän hemmeler üçin niýetlenendir.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar aşakdaky maglumatlar bilen tanşyp bilerler:
- Döwrebap taýýarlyk ugurlary we isleg bildirilýän hünärler;
- Giriş, okuw we talyplaryň ýaşaýyş şertleri;
- Talyplyk durmuşynyň mümkinçilikleri we uniwersiteti tamamlandan soňra hünär geljegi.
Geçirilýän ýeri: Aşgabatdaky Rus öýi, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 11.
Başlanýan wagty: 16:00.
Öňünden ýazylmak hökmanydyr: gatnaşmak üçin otdel_tm@mail.ru poçtasyna haýyşnamany ugratmaly.