Ylmy-amaly maslahat geçirildi

2025-06-03 | 1107
Ylmy-amaly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň iýun aýynyň 3-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ylymlar güni mynasybetli “Energetikada innowasion tehnologiýalar: ylym, bilim we önümçilik” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahata institutyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahat öz işini umumy mejlisde we 5 bölümçede dowam etdi. Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda 150-den gowurak ylmy çykyşlary diňlenildi. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.