Lukmançylyk mekdepleriniň  bäsleşigi

2025-06-03 | 1428
Lukmançylyk mekdepleriniň  bäsleşigi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2025-nji ýylyň 14-nji fewralyndaky 42 belgili buýrugy bilen tassyklanan: “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýilip yglan edilmegi mynasybetli, orta hünär okuw mekdepleri tarapyndan 2025-nji ýylda geçirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň” çäklerinde, hem-de “Saglyk” Döwlet Maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli, 2025-nji ýylyň 31-nji maýynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuwmekdebinde  “Watana wepam bar, kärime sarpam” atly, ýurdumyzyň Lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň arasynda bilim bäsleşigi geçirildi.

Talyp ýaşlar “Şepagatçylyk işi” hem-de “Anatomiýa we fiziologiýa” derslerinden öz bilim derejelerini, ukyp başarnyklaryny we geljekki kärine bolan höweslerini, bilim almakda ylmy edebiýatlar bilen hem gyzyklanýandyklaryny, çylşyrymly testleri we şekilli ýumuşlary çözmekde tutanýerliligini, ýokary taýýarlyklaryny görkezdiler.   

Bäsleşigiň netejeleri boýunça aşakdaky  ýeňijiler kesgitlendi:

“Şepagatçylyk işi” dersi boýunça:

“Anatomiýa we fiziologiýa” dersi boýunça:

Bäsleşigiň soňunda ýeňijilere hormat hatlar we mynasyp sowgatlar gowşuryldy.

I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi