Türkmenistanly okuwçylar Daşkentde geçirilýän Abu Reýhan Biruni adyndaky II halkara himiýa olimpiadasyna gatnaşýarlar

2025-05-30 | 787
Türkmenistanly okuwçylar Daşkentde geçirilýän Abu Reýhan Biruni adyndaky II halkara himiýa olimpiadasyna gatnaşýarlar

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilýän Abu Reýhan Biruni adyndaky II halkara himiýa olimpiadasyna gatnaşýarlar. Bu barada uza.uz saýty ýazýar.

28-nji maýda başlanan halkara olimpiada ýer eýesi Özbegistan bilen bir hatarda Türkmenistan, Saud Arabystany, Türkiýe, Azerbaýjan, Mongoliýa, Belarus Respublikasy, Wýetnam, Russiýa, Gruziýa, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy hem-de Täjigistan ýaly ýurtlardan jemi 115 sany mekdep okuwçy gatnaşýar.

Halkara olimpiada iki tapgyrda: ýazuw işi (nazaryýet boýunça) we amaly iş (laboratoriýada) esasynda geçirilip, ol 4-nji iýuna çenli dowam eder.

Olimpiadanyň çäginde mekdep okuwçylary üçin halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda birnäçe ussatlyk sapaklary geçiriler. Şeýle-de gatnaşyjylar üçin Daşkentdäki we Samarkantdaky taryhy we medeni ýerlere syýahatlar guralar.