Dabaraly sport çäresi geçirildi

2025-05-29 | 674
Dabaraly sport çäresi geçirildi

2025-nji ýylyň maý aýynyň 29-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen “Sagdynlyk bagtyýarlygyň gözbaşy” atly dabaraly sport çäresi geçirildi. Dabaraly çärede sportuň milli göreş, dzýudo, sambo, küşt, şaşka, stoluň üstünde oýnalýan tennis, düzzüm, woleýbol we futbol görnüşleri boýunça görkezme çykyşlar ýerine ýetirildi. Şeýle hem, talyp ýaşlar köpçülikleýin sport maşklaryny ýerine ýetirip, welosipedli ýöriş geçirildi. Institutyň talyp ýaşlarynyň sportda gazanan ýeňişlerini mahabatlandyrýan sport sergisi sport dabarasynda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Dabaranyň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde sporta bagyşlanan birnäçe aýdymdyr, tanslara tomaşa edildi. Dabara gatnaşyjylar sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty