Geljegiň binýady: monitoring we ýokary bilim ulgamynyň 2052-nji ýyla çenli ösdürmegiň strategiýasy

2025-06-03 | 2308
Geljegiň binýady: monitoring we ýokary bilim ulgamynyň 2052-nji ýyla çenli ösdürmegiň strategiýasy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýokary okuw mekdepleriniň netijeliliginiň ýyllyk dördünji monitoringiniň jemlerini jemledi. Monitoring ýokary okuw mekdepleriniň işiniň esasy ugurlaryny, ýagny okuw, okuw-usulyýet, ylmy-barlag we terbiýeçilik işleriniň ýerine ýetirilişini, uçurymlaryň iş bilen üpjünçilik derejesini, ylmy işjeňligi, mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylyşynyň hilini, şeýle-de ylmy, bilim we pedagogik ölçeg görkezijilerine esaslanýan beýleki görkezijileri öz içine aldy. 

2022-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän ýyllyk iş maslahatlarynyň nobatdaky tapgyry tamamlandy. Däp bolan bu iş maslahatlaryna Bilim ministrliginiň degişli ýolbaşçylary we ýokary okuw mekdepleriniň ylmy hem-de okuw işleri boýunça prorektorlary gatnaşdylar. Maslahatlarda okuw ýylynyň dowamynda geçirilen monitoringiň nobatdaky tapgyrynyň netijelerine baha berildi. Monitoring ýokary okuw mekdepleriniň ýerine ýetirýän işleriniň häzirki hereket edýän düzgünleşdiriji resminamalaryň talaplaryna laýykdygyny we olarda sanly ulgamyň ornaşdyrylyş derejesini bahalandyrmagy hem öz içine aldy.

Bu monitoring dördünji ýyl geçirilýär we ol ýokary bilimiň hilini halkara standartlaryna, şol sanda ESG (Ýewropanyň ýokary bilim giňişliginde hil üpjünçiliginiň standartlary we ugrukdyryjy ýörelgeleri) hem-de ÝUNESKO-nyň çemeleşmelerine esaslanýan köp derejeli ulgamlaýyn baha bermek işi görnüşinde amala aşyryldy.

Ylmy taýdan esaslandyrylan häsiýetli bolmagy monitoringiň tapawutly aýratynlygydyr. Bu maksat bilen jübütleýin korrelýasiýa seljermesi, klasterlemek we birnäçe ýylyň dowamynda toplanan maglumatlary deňeşdirmek ýaly usullar ulanyldy. Şeýle çemeleşme ýokary okuw mekdepleriniň diňe bir häzirki ýagdaýyny ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem olaryň soňky dört ýylyň dowamynda ösüş ýagdaýyny yzarlamaga-da mümkinçilik berdi.

Degişli ýörite bölümleriň ýolbaşçylarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň prorektorlarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatlaryň dowamynda alnan netijeler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatlara gatnaşyjylar monitoringiň ýokary bilimiň hiline baha bermekde, çözgütleri kabul etmekde we strategiki meýilleşdirmede ulgamlaýyn seljermäniň netijeli guraly bolup durýandygyny biragyzdan tassyk etdiler. Gatnaşyjylaryň ählisi monitoringiň netijeleri esasynda diňe bir üstümizdäki ýylyň däl, eýsem öňki üç ýyl hem netijelerini seljermegiň esasynda işlenip taýýarlanan teklipleriň ýokary okuw mekdeplerini ösdürmegiň strategik meýilnamasyna goşmagy goldadylar.

Korrelýasiýa seljermesiniň netijeleriniň ýokary okuw mekdeplerini reýting derejelendirme ulgamynyň maglumatlary bilen deňeşdirilmegi bu işiň möhüm ugry boldy. Ýokary okuw mekdeplerini reýting derejelendirme ulgamy 2022-nji ýylda işe ornaşdyryldy we ol her bir mugallymçylyk işgärinden başlap, kafedralara, fakultetlere we tutuşlygyna ýokary okuw mekdebiniň özüne çenli ähli derejeleriň netijeliligini bahalandyrýar. Reýting ulgamy aýry-aýry bölümleriň-de, milli derejede ýokary okuw mekdepleriniň-de alyp barýan işleriniň netijeliligini obýektiw ölçemäge mümkinçilik berýän bahalandyrmagyň köp derejeleýin guralydyr.

Mugallymçylyk işgärleriniň, kafedralaryň, fakultetleriň we tutuşlygyna ýokary okuw mekdebiniň esasy hil görkezijileriniň 50-den gowragy boýunça derejelendirmegiň ähli derejelerini öz içine alyp, hakyky wagt düzgüninde hereket edýän we 2022-nji ýyldan bäri ulanylyp gelinýän Milli reýting derejelendirme ulgamynyň barlaglaryny geçirmegiň esasy guraly analitiki sanly platformadyr.   

Bu ulgamyň esasyny düzýän ylmy we bilim ölçeg görkezijileri halkara tejribesiniň, şol sanda Times Higher Education, QS World University Rankings, Şanhaý reýtingi (ARWU) ýaly global reýtinglerde ulanylýan görkezijileriň göz öňünde tutulmagynda uýgunlaşdyryldy. Bu bolsa halkara standartlar bilen barabarlaşdyrylýan, ýöne milli bilim gurşawynyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan bahalandyrmagyň milli ulgamyny işläp taýýarlamaga mümkinçilik berdi.   

Sanly platforma:

• ýokary okuw mekdepleriniň 50-den gowrak görkeziji boýunça gazananlaryny yzarlamaga;

• her bir mugallymyň, kafedranyň, fakultetiň we ýokary okuw mekdebiniň netijeliligini onlaýn tertipde seljermäge;

• dolandyryş çözgütlerini kabul etmek üçin esasy maglumatlary görkezmäge we deňeşdirmäge;

• her bir edaranyň işinde bar bolan gowy we gowşak taraplaryny dessin   ýüze çykarmaga;

• her bir ýokary okuw mekdebi üçin işleriň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekmäge mümkinçilik berýär.

Sanly platforma ylym, bilim babatda we işgärleriň işjeňligini gazanmakda höweslendirmegiň kuwwatly mehanizmi bolup:

• halkara indeksirlenýän ylmy neşirlerde çap edilýän makalalaryň sanynyň 2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde 95 esse artmagyny;

• iş iberijiler we ýörite pudaklaýyn guramalar bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny;

• zähmet bazarynyň we ykdysadyýetiň hakyky talaplaryna laýyklykda bilim hem-de we ylmy-barlag iş ýüküniň barabar sazlaşdyrylmagyny üpjün etdi.

Monitoringiň netijeleri we anyk salgylaýyn maslahatlar:

• ýokary okuw mekdeplerini ösdürmek boýunça strategik çözgütler;

• okuw maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmak;

•  işgärler syýasatyny kämilleşdirmek;

• ýokary okuw mekdepleriniň netijeliligini bahalandyrmak we höweslendirmek ulgamyny kemala getirmek üçin esas bolup hyzmat edýär. 

Maslahatlara gatnaşyjylar geçirilen toplumlaýyn monitoringiň strategik meýilnamalaşdyrmak üçin möhümdigini, subutnamalaýyn binýady döretmegiň çäklerinde ýokary bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça esaslandyrylan çözgütleri işläp taýýarlamakda ähmiýetlidigini nygtadylar.

Köp ýyllyk monitoringiň we sanly analitik platformanyň görkezijileriniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy bilen işlenip taýýarlanýan Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamyny ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin strategiýasynyň esasyny düzýändigini aýratyn bellemek gerek.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamyny ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça işler ylmy taýdan esaslandyrylmagyň, strategik oýlanyşykly ýörelgäniň, köp ýylyň dowamynda geçirilýän monitoringiň, sanly analitikanyň, halkara hil standartlarynyň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň döwrüň hakyky talaplaryna laýyklykda içgin seljermesiniň esasynda ulgamlaýyn alnyp barylýar. Şeýle çemeleşme ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine laýyk gelýän ýokary netijeli, adam maýasyna gönükdirilen ýokary bilim nusgasynyň esaslaryny döredýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi