“Geljegimizi özümiz döredýäris” atly orta hünär bilim Maslahaty

2024-08-27 | 213
“Geljegimizi özümiz döredýäris” atly orta hünär bilim Maslahaty

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara bölüminiň baş hünärmeni Baýramgeldi Muhadow we Aşgabat şäheriniň Maliýe Ykdysadyýet orta hünär mekdebiniň müdiri Tahyr Şallyýewdan ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýet topary hökmünde hünär bilim ulgamynda iň uly wakalaryň biri 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 26-27-sine Russiýa Federasiýasynyň Kaluga şäherinde geçirilen “Geljegimizi özümiz döredýäris” atly orta hünär bilim Maslahatyna gatnaşdylar. 

Maslahata dürli ýurtlardan gelen bilim pudagynyň wekilleri we bilim ulgamynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäginde birnäçe halkara çäresi geçirildi. “OHB: geljek bilen bilelikde ösýän bilim” atly maslahatyň umumy mejlisinde bilermenler jemgyýetine “Hünärmen” atly uly göwrümli federal taslama, häzirki zaman okuw tehnologiýalary, innowasiýa ösüşleri we tejribeleri hödürlendi.

Maslahatyň gidişinde Türkmenistanyň wekiliýeti “Orta hünär biliminiň bilim guramalarynyň birleşmeleriniň hyzmatdaşlygy ösdürmekde tutýan orny barada” we bu ugurda BRICS bileleşiginiň seminaryna gatnaşdy. Tehniki hem-de hünär bilimi we okuwy “Orta hünär biliminiň özüne çekijiligi we häzirki zaman dünýädäki orny” hünärmenleri taýýarlamakda iň soňky ösüşleri we tejribeleri bilen paýlaşdylar, mugallymlar we hünärmenler jemgyýeti bilen işlemek üçin geljekde ulanyljak tehnologiýalary ara alyp maslahatlaşdylar.