Merkezi Aziýada inklýuziw energetika geçişiň bilim meseleleri boýunça ÝHHG-nyň Sebit iş toparynyň guramaçylyk duşuşygy

2025-05-23 | 646
Merkezi Aziýada inklýuziw energetika geçişiň bilim meseleleri boýunça ÝHHG-nyň Sebit iş toparynyň guramaçylyk duşuşygy

Türkmenistan ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Şunuň bilen baglanyşyklykda üstümizdäki ýylyň 22-23-nji maýynda geçirilen guramaçylyk duşuşygynda ýokary hünär derejeli işgärleriň we degişli bilim infrastrukturasynyň üstünlikli energetika geçişi maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitindäki ýokary okuw mekdepleriniň we tehniki-hünär okuw edaralarynyň diňe az bölegi gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri (GDEÇ) boýunça hünärmenleri taýýarlamak boýunça okuw maksatnamalaryny hödürleýär. Sebitiň bäş ýurdunda geçirilýän ýokary derejeli işgärlere bolan zerurlyklaryň bahalandyrylmagy endikleriň ýetmezçilik etmeginiň artýandygyny görkezýär. Bu bolsa GDEÇ-niň mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna we ykdysady ösüşe päsgel berýär. Energetika pudagyna aýallaryň işe çekilmegi we olaryň gyzyklanýan ugurlarynyň kesgitlenmegi hem zähmet mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga we “ýaşyl” energiýasyna geçmegi çaltlandyrmaga ýardam eder.

Merkezi Aziýa ýurtlarynda GDEÇ ulgamlarynyň taslamalaryny düzmäge, olary gurmaga we ulanmaga ukyply hünärmenleri taýýarlamaga goldaw bermek üçin ÝHHG Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik merkeziniň (MASEM) ýardam bermeginde inklýuziw energetika geçmegiň bilim meseleleri boýunça Sebit iş toparynyň (RTEET) döredilmegi baradaky başlangyjy öňe sürýär. Bu iş toparynyň işine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekili Allamyrat Hojaýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň GDEÇ boýunça ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri Agamyrat Owlüýagulyýew we «TEBIGY KUWWAT» jemgyýetçilik birleşigi kärhanasynyň GDEÇ boýunça bilermeni, tehniki ylymlarynyň kandidaty Serdar Mämmetnyýazow gatnaşdylar.

RTEET Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim edaralarynyň, energitika we bilim ministrlikleriniň, şeýle-de energetika kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň sebit platformasy bolup hyzmat eder. Bu ugurda esasy maksat tehniki ýokary okuw mekdepleriniň GDEÇ ulgamyndaky bilim maksatnamalaryny berkitmekden we ösdürmekden, hususan-da olaryň sebitde energetika geçişe ýardam berjek inklýuziw häsiýetlilige hem-de işçi güýjüniň geljegine gönükdirilen bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi