Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen “Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi” Milli jemgyýetçilik birleşiginiň bilelikdäki “Startap-ekoulgam – 2024–2025” atly maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän ýaşlaryň innowasion startap-taslamalarynyň jemleýji bäsleşigi geçirildi

2025-05-22 | 1043
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen “Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi” Milli jemgyýetçilik birleşiginiň bilelikdäki “Startap-ekoulgam – 2024–2025” atly maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän ýaşlaryň innowasion startap-taslamalarynyň jemleýji bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň döredip beren beýik başlangyçlarynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesliň döredijilikli pikirlenmegine, innowasion taslamalaryň giňden ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bolan yzygiderli aladasy bilen bilim, ylym we tehnologiýa ugurlaryndaky halkara hyzmatdaşlyk täze ösüşlere ýol açýar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň maý aýynyň 15-ne Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezinde Ýaşlaryň innowasion startap-taslamalarynyň jemleýji bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik ýaşlaryň döredijilikli pikirlenmek ukybyny ösdürmek, döwrebap tehnologiýalara esaslanýan taslamalary durmuşa geçirmäge höweslendirmek maksady bilen guraldy.

Bäsleşik aşakdaky hyzmatdaş guramalar bilen bilelikde guramaçylykly ýagdaýda geçirildi:

• Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi” JB,

• “Türkmenistanyň Ýaşlarynyň Üstünlikleri” JB,

• “Maslahatly Çözgüt” hojalyk jemgyýeti,

• “Eksport konsalting” hojalyk jemgyýeti.

Bäsleşigiň dowamynda ýaşlaryň taýýarlan innowasion taslamalary dürli ugurlary öz içine alyp, olaryň işjeňligi, pikir çuňlugy we häzirki zaman tehnologiýalary bilen sazlaşygy aýratyn bellenildi. Şeýle hem taslamalaryň ykdysady ähmiýeti, jemgyýetçilik peýdasy we tehniki esaslandyrylyşy hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleri seljerildi.

Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden dürli ugurlar boýunça 40-dan gowrak taslama işleri tabşyryldy.

Netijede, döredijilikli çemeleşmeleri bilen tapawutlanan ýaşlaryň birnäçesi Eminler toparynyň çözgüdi esasynda aşakdaky ady geçýän 8 sany taslama ýeňiji diýilip yglan edildi we görkezilen ugurlar boýunça iň gowy taslama işleri hem saýlanyldy.

1-nji orun. Jelalowa Marýam Isaýewna (ýekeleýin), Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby. Taslamasy: “Tapnote” hyzmaty kompaniýalary tanatmagyň innowasion usuly.

2-nji orun. Gurbanow Gojuk Çary ogly, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Hirurgiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy, kliniki ordinator II ýyl, Söýegow Gadam Akmuhammedowiç, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kesel bejeriş fakultetiniň bejeriş işi hünäriniň 6-njy ýyl talyby (toparlaýyn). Taslamasy: “Kesgitle – hünäri kesgitlemek we bilimi kämilleşdirmek üçin online programma üpjünçiligi”.

3-nji orun. Jumaşow Jeýhun Serdarowiç, Muhammedow Baýnazar Muhammedowiç (toparlaýyn), Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 3-nji ýyl talyplary. Taslamasy: “Hazyna Stock”– sanly media platformasy.

I. “Durmuş telekeçiligi “ugry boýunça:

Ilmyradowa Käbegül Amanmyradowna, Gaýypowa Aýlar Nurnazarowna (toparlaýyn), Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyplary. Taslamasy: “Gunça gülleri”– lentalardan döredilýän owadan we uzak saklanýan güller arkaly adamlara öý we baýramçylyk bezeglerini elýeterli hem-de ekologik taýdan arassa görnüşini hödürlemek.

II. “Zenan telekeçiligi” ugry boýunça:

Ýollyýewa Aýna Akmyradowna (ýekeleýin), Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener- tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby. Taslamasy: Duzly suwlardan elektrik energiýasyny almagyň innowasion usuly.

III. “Sanly innowasiýalar” ugry boýunça:

Ýakubow Muhammet Saparmyradowiç, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň fizika mugallymy, Habybow Rustam Kakamyradowiç, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 5-nji ýyl talyby (toparlaýyn). Taslamasy: Li-Fi tehnologiýasynyň ulanylyşy.

IV. “Ýaşyl ykdysadyýet” ugry boýunça:

Saryýewa Ogulnabat Halykowna, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy, Kakaýew Kakajan Merdanowiç, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby (toparlaýyn). Taslamasy: “Agro Himiýa” - Çig maly gaýtadan işlemegiň mümkinçiligini we şol mümkinçiligiň tehnologik esasyny, şol tehnologiýanyň netijesinde, onuň öndürijiligini we peýdalylygyny kesgitlemek.

V. “Iň gowy halypa-şägirt jübüti” ugry boýunça:

Rustamow Merdan Ramazanowiç, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy (ýekeleýin). Taslamasy: “Türkmen mentaliteti” - Syýahatçylar üçin ýörite okuw işlenip düzülip, onlaýn ýagdaýda web sahypasyny ulanmak.

Ýeňijiler Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi hem-de Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezi tarapyndan taýýarlanylan höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandy.

Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlaryna daýanyp, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, täze tehnologiýalara, sanly çözgütlere daýanýan innowasion başlangyçlary durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň geljegini şöhlelendirýän ýaş nesiller üçin döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin taslama bäsleşigine gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi