Göçme okuw sapagy gurnaldy

2025-05-20 | 299
Göçme okuw sapagy gurnaldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň Kompýuter lingwistikasy taýýarlygy ugrunyň 3-nji ýyl talyplary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda halypa mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda göçme okuw sapagyny geçdiler. Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyp ýaşlar Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen şol ýeriň hünärmenleri tarapyndan içgin tanyşdyryldy. Ilki bilen Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň birinji gatynda ýerleşdirilen kitaplar sergisi bilen tanyşdylar. Soňra bolsa talyp ýaşlar halypa mugallymlary bilen ikinji gatda ýerleşdirilen gadymy kitaplaryň ýygyndysy bilen tanyş boldular. Bu ýerde gadymy döwürden taryhy yzarlaýan gymmatlyklary bolan köne kitaplaryň abatlaýyş bölümi, ýagny laboratoriýa bölümi bilen giňden tanyşdyryldy we kitaplary nähili derejede rejeläp, täze görnüşde halka hödürlemekde alnyp barylýan işler dogrusynda abatlaýyş bölüminde zähmet çekýän hünärmenler tarapyndan talyplara içgin düşündirildi. Türkmen edebiýatynda görnükli yz galdyran şahyrlarymyzyň, söz ussatlarymyzyň ýazan eserleriniň şu güne çenli gelip ýetendigi, has dogrusy, Magtymguly atamyzyň pederi Döwletmämmet Azadynyň öz eli bilen ýazan kitaplaryny talyp ýaşlara görkezmek bilen, şeýle gymmatly hazynanyň goralyp saklanmagy we ýaşlara nusgalyk hökmünde gollanma bolup hyzmat etjekdigi barada golýazmalar institutynyň hünärmenleri tarapyndan giňişleýin düşündirildi. Kompýuter lingwistikasy taýýarlygynyň ugrunda bilim alýan talyplar bilen golýazmalar institutynda zähmet çekýän Ogulnabat mugallymyň ýolbaşçylygynda talyplaryň hünärine degişli bolan temada umumy sapak geçirildi. Mugallym talyplara öz ylmy işi dogrusynda, dili nähili görnüşde kompýuter diline geçirmelidigi, şeýle-de, programmalarda işlemegiň usullary barada talyplara aýdyň usulda düşündirdi. Bu täze ugur boýunça gerekli bolan maglumatlary mugallym talyplara has gyzyklanyp öwrenmeklerini maslahat berdi. Umuman, geçirilen göçme okuw sapagy netijeli bolup, talyp ýaşlar öz hünärleri boýunça öwrenen maglumatlaryny has-da baýlaşdyrdylar.