«Huawei Connect-2024» sergisi: Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri «Akylly bilim ulgamy» bilen tanyşdylar

2024-09-20 | 356
«Huawei Connect-2024» sergisi: Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri «Akylly bilim ulgamy»  bilen tanyşdylar

«Amplifier Intelligence» şygary astynda geçen Huawei kompaniýasynyň Connect-2024 sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti «Akylly bilim ulgamy» bölümine baryp gördüler. Saparyň dowamynda ýurdumyzyň bilim işlerini sanlylaşdyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň Huawei kompaniýasynyň hyzmatdaşy bolan ULearning kompaniýasynyň esaslandyryjysy we onuň ýolbaşçysy doktor J.Jin bilen duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanda bilimi dolandyrmagyň intellektual ulgamlaryny ornaşdyrmagyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň dowamynda U-Learning kompaniýasy türkmen tarapy gyzyklandyrma bildiren ýagdaýynda Emeli aňy bilim ulgamynda netijeli ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin Akylly synp ulgamyna elýeterliligi üpjün etmäge taýýardyklary barada ylalaşyldy. Ulgamy synagdan geçirmek üçin 200 sany ulanyjy üçin giriş üpjün ediler. Synagyň çäginde türkmen mugallymlary okuw prosesinde, okuwyň mazmunyny düzmekde hem-de okuwçylaryň ýetişigini bahalandyrmakda Emeli aňyň netijeli ulanylşyny öwrenip bilerler.

Bu ulgam sapaklaryň geçirilişiniň netijeliligine baha bermäge we mugallymlara anyk synpda geçilýän sapaklary kämilleşdirmek boýunça maslahatlar bermäge mümkinçilik döredýär. Şeýle hem, bu ulgam mugallymlara sapaklar üçin maglumatlary taýýarlamaga, okuw işlerini meýilnamalaşdyrmaga, test materiallaryny işläp düzmäge, okuwçylaryň ýetişigine toplumlaýyn baha bermäge we seljermäge kömek edýär. Okuwçylara olaryň bilim almagynyň netijelerini gowulandyrmaga ýardam edýän ýetişiklerini seljermegiň esasynda okuw materiallaryny saýlap almak boýunça aýratyn maslahatlar berilýär. Bu ulgam häzir bütin dünýäde 1000-den gowrak bilim edaralarynda üstünlikli netijeli ulanylýar. Bu çözgütler emeli aň, uly göwrümli maglumatlar we bulut tehnologiýalary ýaly iň täze tehnologiýalary ulanmak bilen 10 milliondan gowrak ulanyjylary okatmagy üpjün edýär.

Ministriň orunbasary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan döredilen we täze işe girizilen e-mekdep platformasyny goşmak bilen milli işläp düzmeler, şeýle hem ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň işlerine reýting baha bermegiň onlaýn platformasy, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin seljerme geçirmegiň we hiline baha bermegiň ulgamy, ýokary bilimiň maglumat ulgamy we beýlekiler ýaly bilimi dolandyrmagyň maglumat ulgamlary bilen tanyşdyrdy. Bu platformalaryň hemmesi ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde bilim işleriniň sanly dolandyrylyşy üçin niýetlenendir. Hytaý tarapy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň programma üpjünçiligini we Huawei kompaniýasynyň enjamlaryny birleşdirmek arkaly toplumlaýyn çözgütleri taýýarlamak boýunça türkmen tarapynyň işläp düzmelerini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi.

Mundan başga-da, taraplar innowasion bilim tehnologiýalaryny işläp düzmek we ulanmak babatda tejribeleri alyşmak we olary ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirdiler. Taraplar hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini içgin ara alyp maslahatlaşmak barada ylalaşdylar.

Şeýle hem okaň: Turkmenportal

Türkmenistanyň Bilim ministrligi